BIZNES

Dubaýda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň göçme forumy geçirilýär

Şu gün — 26-njy aprelde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum açylýar. Iki günlük foruma dürli ýurtlardan bilermenleriň, hünärmenleriň, işewürleriňdir žurnalistleriň ýüzlerçesi gatnaşar. Olar öňdebaryjy energetika kompaniýalaryna, abraýly guramalara, ministrliklere, diplomatik wekilhanalara, banklara, gaznalara hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerine wekilçilik ederler.

“Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan guralýan bu halkara energetika forumyna BAE-niň Döwlet ministriniň, şeýle hem Abu-Dabiniň Ösüş gaznasyndan, Dubaýyň Ýerine ýetiriji geňeşinden, BMG-niň degişli düzümlerinden ýokary wezipeli işgärleriň we jogapkär ýolbaşçylaryň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Göçme forumyň esasy maksady, elbetde, ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekden ybaratdyr. Forumda ara alnyp maslahatlaşylmagy göz öňünde tutulýan temalaryňdyr geçiriljek çäreleriň köp dürli we giň gerimli bolmagy, oňa “Petronas”, “CNPC”, “Dragon Oil”, “Siemens Energy”, “Total Energies” ýaly iri energetika kompaniýalarynyň, BMG, ÝHHG ýaly abraýly halkara guramalaryň uly gyzyklanma bildirmegi ýurdumyzyň enetgetika diplomatiýasyny işjeň ilerletmekde, tejribe alyşmakda we hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedir. Iri energetika döwleti bolan Türkmenistan üçin bu wezipeleri çözmek ileri tutulýan möhüm ugurlaryň biridir.

Forumyň gün tertibine, esasan, bäş tema, ýagny geljekki ählumumy energetikada Türkmenistanyň orny, türkmen energetika pudagynyň maýa goýum mümkinçilikleri: guryýer we deňiz taslamalary, uglewodorod ýataklaryny işläp taýýarlamagyň ekologik ugurlary, häzirki döwrüň energetikasynda içerki we sebitleýin ösüşiň sepgitleri, Türkmenistanyň täze energetika çeşmeleriniň diwersifikasiýasy boýunça meseleler giriziler. Bular boýunça guraljak pikir alyşmalar, mejlislerdir çykyşlar, umuman, dialog tebigy serişdeleri netijeli ulanmak, “Galkynyş” gaz käninde önümçiligi ýokarlandyrmak, energetika bazarlaryny ösdürmek, Hazar deňziniň türkmen böleginiň ýataklaryny özleşdirmek, pudaga innowasion tehnologiýalary çekmek ýaly birnäçe wezipeleri çözmekde täze mümkinçilikleri açar we şertleri döreder.

Ýene-de okaň

Eýranda maliýe özgertmeleri: pul birligi çalyşýar

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi

“Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan” demirýoluň gurluşygyna başlanýar

Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň harytlaryň sergisi geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan Malaýziýa bilen oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri