JEMGYÝET

Döwürleýin neşirleriň elektron ulgama geçmegi çaltlandyrylar

Ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek barada degişli işler alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça taýýarlanan Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine we guramaçylyk düzümine täze usullar we döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bular barada sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi.

Sanly tehnologiýany işjeňleşdirmegiň çäklerinde döredijilik we önümçilik düzümleriniň arasynda içerki ulgam hereket edýär. Gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalary tehniki önümçilik bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe gazetleriň we žurnallaryň düzümini kämilleşdirmek boýunça teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ýeten derejesini, içerki we daşarky syýasatyny giňden wagyz etmek, taryhy ähmiýetli wakalary beýan etmegiň ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde durýan wajyp wezipelerdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, döwürleýin elekron görnüşe we internet ulgama geçirmek, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmagyň esasy ugurlarynyň biridir. Onuň baş maksady neşirleri häzirki zaman ölçegleriniň derejesine çykarmakdan ybaratdyr.

Milli Liderimiz dünýäniň ösen tejribesiniň öwrenmegiň we özleşdirmegiň, täze mediýa tehnologiýalary işjeň ulanmagyň, bilelikdäki maglumat taslamalaryny taýýarlamagyň, ýurdumyzyň žurnalistleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz gazetleriň we žurnallaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen hödürlenen teklipleri makullap, elektron ulgama geçmek işini çaltlandyrmagy tabşyrdy.

 

Bulary hem okaň

Täze Media-Tehnologiýalar: Gazet-žurnallary elektron görnüşine geçirmek

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi