SPORT

Döwletjan Ýagşymyradow şu gün tutluşygyna çykar

Türkmenistanly Döwletjan Ýagşymyradow 10-njy martda «Bellator» ýaryşyyndaky nobatdaky tutluşygyny geçirer. «Bellator 292» ýaryşynyň çäginde geçiriljek tutluşykda Döwletjanyň garşydaşy litwaly Julius Englikas bolar.

«Bellator 292» söweş agşamy ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Hose şäherinde ýerleşýän «SAP-center» arenasynda geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, Döwletjan Ýagşymyradow “Bellator” ýaryşynyň çäklerinde geçiren 2 tutluşygynda ýeňlişe sezewar bolupdy. Kori Anderson Ýagşymyradowy 2021-nji ýylyň aprelinde ýeňipdi. Döwletjan Ýagşymyradow soňra Karl Albrektssona garşy tutluşykda şowly çykyş eden hem bolsa, eminleriň çözgüdi bilen ýeňlipdi.

Ýöne, ruhdan düşmän, nobatdaky tutluşygyna has erjel taýýarlanan Döwletjan “Bellator MMA” ýaryşynyň çäklerinde 3-nji tutluşygynda ýeňiş gazandy. Türkmen pälwany Rafael Karwalýony ýeňipdi.

Döwletjan Ýagşymyradow professional karýerasynda 25 tutluşyk geçirdi we olaryň 19-sinde ýeňiş gazandy. Galyberse-de, 16 tutluşygynda wagtyndan öň garşydaşyny ýeňmegi başardy.

31 ýaşyndaky Plunge şäherinden Ýulius Angliskas 13 tutluşyk geçirip, şolaryň 10-ynda ýeňiş gazandy.

Ýene-de okaň

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy