BIZNES

«Döwletabat» Gaz Käninde Gaz Guýulary : Şertnamalar Baglaşmak

Düýn geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow içerki sarp edijileri energiýa serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de ýangyç-energetika toplumynyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Bu ugurda nebite, tebigy gaza hem-de gaz kondensatyna baý bolan ýataklary ýüze çykarmak, ulanylýan ýataklarda uglewodorod serişdeleriniň gazylyp alnyşynyň möçberlerini artdyrmak boýunça işler geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan halkara bäsleşigi yglan edildi. Onuň netijeleri boýunça «Döwletabat» gaz käninde gaz guýularynyň birnäçesiniň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň has amatly täjirçilik teklibi kesgitlenildi. Bäsleşigiň jemlerini hasaba alyp, degişli şertnamany baglaşmak göz öňünde tutulýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewi wideoaragatnaşyga çagyrdy. Ol ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp barylýan işler, tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak hem-de işleri döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, senagat düzümlerini hem-de ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak, gazylyp alynýan hem-de gaýtadan işleýän pudaklaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak, içerki we daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan ýokary hilli nebit we gazhimiýa önümleriniň dürli görnüşlerini çykarmak boýunça işleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere hem-de «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçysyna gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek hem-de tejribe alyşmak, şol sanda nebitgaz guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmak boýunça çäreleri geçirmek barada tabşyryklary berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy