PEÝDALY MASLAHAT

Döwlet mekdebe çenli çagalar edaralaryna çagalary kabul etmek

Ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň ýazgyda durýan ýerine garamazdan çagalaryny öz ýaşaýan ýa-da işleýän ýeriniň golaýynda ýerleşýän mekdebe çenli çagalar edaralaryna ýerleşdirmäge hukuklary bardyr. Bu barada Döwlet mekdebe çenli çagalar edaralaryna çagalary kabul etmegiň we ondan çykarmagyň, şeýle hem çagany bir çagalar edarasyndan beýleki çagalar edarasyna geçirmegiň tertibinde bellenilýär. Bu tertip, «Döwlet mekdebe çenli çagalar edaralaryna çagalary kabul etmegiň we ondan çykarmagyň, şeýle hem çagany bir çagalar edarasyndan beýleki çagalar edarasyna geçirmegiň tertibini tassyklamak barada» Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde çykaran 112 belgili Buýrugy bilen tassyklandy.
Şu Tertip bir ýaşdan alty ýaşa çenli bolan çagalary (mundan beýläk – çaga) döwlet mekdebe çenli çagalar edaralaryna (mundan beýläk – mekdebe çenli çagalar edaralary) kabul etmegiň we ondan çykarmagyň, şeýle hem çagany bir çagalar edarasyndan beýleki çagalar edarasyna geçirmegiň tertibini düzgünleşdirýär.
Çaganyň ata-enesi ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalaryny mekdebe çenli çagalar edaralaryna ýerleşdirmek üçin isleg bildirýän mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýerleşýän çägi boýunça garamagynda mekdebe çenli çagalar edaralary bolan edaralara Ýollaýyş hatyny almak üçin ýazmaça arza (mundan beýläk – Arza) bilen ýüz tutýarlar. Arzanyň ýanyna şu aşakdaky resminamalar goşulýar:
1) çaganyň ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň pasportynyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamasynyň nusgasy;
2) çaganyň dogluş hakynda şahadatnamasynyň nusgasy.
Arzada isleg bildirilen diňe bir mekdebe çenli çagalar edarasynyň belgisi görkezilmelidir.
Şu Tertibiň on birinji böleginde görkezilen resminamalara Iş topary tarapyndan bellenilen tertipde seredilýär. Iş topary isleg bildirilen mekdebe çenli çagalar edaralarynda ýaş aýratynlygyna görä toparlarynyň çagalar bilen dolulygyny ýa-da boş orunlaryň barlygyny, şol mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýazmaça maglumatlary esasynda seljerýär.
Eger-de ýüz tutmada isleg bildirilen mekdebe çenli çagalar edaralarynda boş orunlaryň barlygy anyklanylanda, Iş topary Ýollaýyş hatyny resmileşdirýär we ýüz tutan çaganyň ata-enesine ýa-da olaryň ornuny tutan adama berýär.
Ýollaýyş hatynda garamagynda mekdebe çenli çagalar edaralary bolan edaranyň ady, Ýollaýyş hatynyň belgisi, berlen senesi, mekdebe çenli çagalar edarasynyň belgisi, çaganyň familiýasy, ady we atasynyň ady, çaganyň doglan senesi, Ýollaýyş hatynyň hereket ediş möhleti görkezilýär.
Ýollaýyş hatyna Iş toparynyň başlygynyň we agzalarynyň gollary goýulýar we garamagynda mekdebe çenli çagalar edaralary bolan edaranyň möhüri bilen tassyklanylýar. Ýollaýyş haty Iş toparynyň başlygynyň we agzalarynyň azyndan ikisiniň goly goýlan ýagdaýynda hakyky diýip hasap edilýär.
Ýollaýyş haty çagalary mekdebe çenli çagalar edaralaryna kabul etmek üçin esas bolup durýar. Ýollaýyş hatynyň hereket ediş möhleti 15 (on bäş) senenama gününden ybaratdyr.

Maşgala ýagdaýlary ýüze çykan (çaganyň kesellemegi, onuň ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň kesellemegi (saglygy goraýyş edarasyndan kepilnama getirilende), aradan çykmagy we ş.m.) halatynda Ýollaýyş hatynyň hereket ediş möhleti bir gezeklik 5 (bäş) iş gününe çenli uzaldylyp bilner.
Bu halatda şu Tertibiň on dördünji böleginde bellenilen Ýollaýyş hatynyň möhleti dolmazyndan öň, çaganyň ata-enesi ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar şu Tertibiň on birinji böleginde görkezilen resminamalary we Ýollaýyş hatyny görkezmek bilen Ýollaýyş hatyny alan garamagynda mekdebe çenli çagalar edaralary bolan edaralara möhletini uzaltmak barada ýüz tutup bilerler.
Iş toparynyň başlygy tarapyndan Ýollaýyş hatynda “Möhleti uzaldyldy” diýen ýazgy edilýär we şol günki sene bellenilip, onuň goly hem-de edaranyň möhüri bilen tassyklanylýar.
Ýollaýyş haty şu Tertipde bellenilen möhleti tamamlanandan soň, güýjüni ýitiren diýip hasap edilýär.
Ýollaýyş hatynyň Şu Tertipde bellenilen möhletiniň çäklerinde ýitirilen ýa-da ogurlanan ýagdaýynda, onuň öwezligi Hasaba almak boýunça kitabyň maglumatlary hem-de şu Tertibiň on birinji böleginde görkezilen resminamalaryň esasynda berilýär.
Çaganyň ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň isleg bildirýän mekdebe çenli çagalar edarasynda, şol mekdebe çenli çagalar edaralarynyň beren ýazmaça maglumatynda ýaş aýratynlygyna görä toparlaryň çagalar bilen dolulygy (Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen kadadan toparlaryň dolulygy) anyklanylan ýagdaýynda Iş topary çaganyň ata-enesine ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara beýleki bir mekdebe çenli çagalar edarasyna çagany ýerleşdirmek barada teklip edýär.
Çaganyň ata-enesi ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar berlen teklip bilen ylalaşan ýagdaýynda, Iş topary tarapyndan şu Tertibe laýyklykda Ýollaýyş haty resmileşdirilip berilýär.
Çaganyň ata-enesi ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar berlen teklip bilen ylalaşmadyk ýagdaýynda, çaga olaryň isleg bildiren mekdebe çenli çagalar edarasyna nobata goýulýar we Iş topary tarapyndan Nobata goýmak boýunça hereket kitabynda hasaba alnyp, çaganyň ata-enesine ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara Çaganyň mekdebe çenli çagalar edarasyna nobata goýlandygy barada kepilnama resmileşdirilip berilýär.
Iş toparynyň kätibi mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýazmaça maglumaty esasynda nobata goýlan çagalaryň nobatlylygyny seljerýär we nobatlylygy ýeten çaga boýunça çaganyň ata-enesine ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara habar berýär.
Iş topary nobatlylygy ýeten çaga boýunça şu Tertibe laýyklykda, çaganyň ata-enesine ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara Ýollaýyş hatyny resmileşdirip berýär.
Çaganyň ata-enesi ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar, Ýollaýyş hatynyň möhleti (uzaldylan möhleti) dolmazyndan öň şu aşakda görkezilen resminamalar bilen bilelikde, Ýollaýyş hatynda görkezilen mekdebe çenli çagalar edarasyna ýüz tutýarlar:

1) çaganyň ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň çagany mekdebe çenli çagalar edaralaryna kabul etmek hakynda ýazmaça arzasy;

2) Ýollaýyş haty;

3) çaganyň dogluş hakynda şahadatnamasynyň nusgasy;

4) çaganyň saglyk ýagdaýy barada Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2022-nji ýylyň 11-nji aprelinde 1585 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Çagalaryň lukmançylyk gözden geçirmesiniň geçiriliş tertibi we olaryň çagalar edaralaryna kabul edilmegi üçin kepilnamanyň görnüşini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2022-nji ýylyň 14-nji martynda çykaran 98 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Çagalaryň çagalar edaralaryna kabul edilmegi üçin kepilnamasy;

5) çaganyň ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň pasportynyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamasynyň asyl nusgasy (görkezmek üçin).

Şu Tertibiň ýigrimi dördünji böleginde bellenilen resminamalaryň mekdebe çenli çagalar edarasyna tabşyrylan gününde çaga kabul edilýär we çaganyň mekdebe çenli çagalar edarasyna kabul edilendigi barada mekdebe çenli çagalar edarasynyň müdiri buýruk çykarýar.

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde guruljak binalar boýunça bäsleşik

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik