JEMGYÝET

Döw­let býu­je­ti­ni 3 ýyl­lyk möh­let üçin iş­läp düz­mek göz öňünde tutulýar

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly ul­gam ar­ka­ly no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da döw­let dur­mu­şy­nyň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy hem-de bir­nä­çe res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­na ga­ral­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ril­ýän mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne ge­çip, il­ki bi­len, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň оrun­ba­sa­ry M.Mu­ham­me­do­wa söz ber­di. Wi­se-prem­ýer býu­jet ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, mil­li ka­nun­çy­ly­ga hal­ka­ra tej­ri­bä­ni or­naş­dyr­mak, döw­letiň ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li ulan­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän top­lum­la­ýyn çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, 2023-nji ýyl üçin Döw­let býu­je­ti­ni iş­läp taý­ýar­la­mak, 2025-nji ýyl­dan baş­lap or­ta möh­let­li býu­jet me­ýil­leş­di­ri­li­şi­ne geç­mek we bu ul­ga­myň do­lan­dy­ry­ly­şy­ny döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gu­ra­mak üçin dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi göz öňünde tutulýan anyk çä­re­ler ba­ra­da ha­bar be­ril­di.

«Türk­me­nis­tan­da býu­jet işi­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça çä­re­ler ha­kyn­da» Ka­ra­ryň des­lap­ky tas­la­ma­sy­nyň taý­ýar­la­nyl­ýan­dy­gy ba­ra­da aý­dyl­dy. Ol ýur­duň Býu­jet ko­dek­si­niň we­zi­pe­le­ri­ni hem-de ta­lap­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Res­mi­na­ma­da Döw­let býu­je­ti­ni 3 ýyl­lyk möh­let üçin iş­läp düz­mek, onuň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne gö­zeg­çi­li­gi ber­kit­mek we býu­jet ul­ga­my­ny do­lan­dyr­ma­gy kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça çä­re­le­riň top­lu­my, 2022 — 2024-nji ýyl­lar­da de­giş­li ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ryny iş­läp taý­ýar­la­mak göz öňün­de tu­tul­dy. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, ýö­ri­te döw­let to­pa­ry­ny dö­ret­mek we onuň dü­zü­mi­ni tas­syk­la­mak tek­lip edil­ýär.

 

“Dragon Oil” kompaniýasy Türkmenistan bilen täze ÅŸertnama baglaÅŸar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampa gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Gyrgyzystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini Bahar baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün – Watan goragçylarynyň güni