DÜNÝÄ

Din Tompson: Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlygy ösdürýäris

Paýtagtymyz Aşgabatda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Departamentiniň Diplomatik gullugynyň Baş direktory hanym Kerol Peres we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň birinji orunbasary Din Tompson saparda boldy.

ABŞ-nyň ýokary derejeli wekilleri Türkmenistana saparynyň jemleri boýunça metbugat ýygnagyny gurnady. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň merkezinde geçirilen metbugat ýygnagyna “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hem çagyryldy.

Metbugat ýygnagynda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň birinji orunbasary Din Tompson saparyň jemleri boýunça metbugat wekillerine ýüzlendi we habarçylaryň sowallaryna jogap berdi.

Din Tompson Türkmenistana ilkinji saparyny amala aşyrýandygyny belläp, ozal köp ýurtlarda bolandygyny, ýöne Türkmenistan ýaly ýurtlaryň gadymy geçmişi we ýagty geljeginiň bardygyny mälim etdi.

Saparynyň barşynda medeni maksatnamanyň çäklerinde Nusaý taryhy ýadygärlikler toplumyna baryp görendigini we tükrmen halkynyň hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň gadymy taryhy barada köp zatlar öwrenmäge mümkinçilik alandygyny belledi.

Ol ABŞ-nyň alyş-çalyş maksatnamasyna gatnaşan uçurymlar bilen duşuşandygyny, olaryň işewürlik, sanlylaşdyrmak we beýleki ugurlarda uly üstünlikler gazanandyklaryny görmek bagtyna eýe bolandygyny bellän Tompson smartfonlar üçin goşundylary işläp düzýän zehinli türkmen gyzlary topary bilen hem duşuşandygyny belledi.

Din Tompson saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşylandygyny, soňky 30 ýylyň dowamynda Birleşen Ştatlar bilen Türkmenistanyň howpsuzlyk, howanyň üýtgemegi, işewürlik, telekeçilik we medeni mirasy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürendigini belledi.

ABŞ-nyň ilçihanasynyň Türkmenistanyň Hökümeti bilen hemişe gatnaşykda bolup, bu ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda tagalla edýändigini bellän Tompson ykdysady gatnaşyklary berkitmek, ykdysady ösüşi höweslendirmek we iki ýurtda iş orunlary döretmek üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen işleşmegi dowam etdirjekdiklerini belledi.

Tompson Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary, bu möhüm ugurlarda Türkmenistan bilen bilelikdäki tagallalary berkitmäge we halklaryň arasyndaky dostlugy çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Din Tompson gysga çykyşyndan soňra habarçylaryň sowallaryna jogap berdi. Habarçylar Merkezi Aziýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy, ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlykda ileri tutulýan ugurlar barada sowallar berdi.

Sowallara uly höwes bilen jogap beren Tompson TOPH gaz geçirijisi babatda Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak babatdaky tagallalaryny goldaýandyklaryny belledi. Bu babatda taslama gatnaşygy ýurtlaryň tagallalarynyň hem zerurdygyny mälim etdi.

Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk babatda ýokarda agzalan ugurlar bilen baglylykda, Türkmenistanyň daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi ýaly söwda-ykdysady ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek ugurlaryna gyzyklanma bildirilýändigini belläp geçdi.

 

ABŞ-nyň wekiliýetiniň Türkmenistana sapary

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi

Eýranyň ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Gurhan sergisi we agzaçar çäresi geçirildi.

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan bilen Türkmenistan atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdy

Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy

Russiýa Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar