SIZDEN GELENLER

Dil öwrenmek – iň gymmatly baýlyk

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar Diýarymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni ýaşlaryň durmuşynda täze ylmy, döredijilik we zähmet üstünliklerine ruhlandyrýan wakalara beslenýär.

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ahlak terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaga ukyply adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwrebap kompýuterler, multimedialar, tehniki serişdeleridir okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilen mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli ýaşlara döwrebap bilim babatdaky işler giň gerim bilen dowam etdirilýär. Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek parahatçylyk, döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, ýaş nesillerimiziň sagdyn ösmegi, okamagy, öwrenmegi ugrunda alyp barýan işler üznüksiz kämilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny hem-de Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, talyp ýaşlarda BMG-niň resmi dilleriniň biri hökmünde rus diline bolan höwesini artdyrmak ugrunda hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň dil syýasatynda döwlet dili bolan türkmen dili bilen bir hatarda ýörgünli daşary ýurt dilleri bolan iňlis hem-de rus dillerine uly ähmiýet berilýär. Daşary ýurt dillerini bilmegiň özi maglumat tehnologiýalaryndan erkin peýdalanmaga, şahsyýetiň intellektual derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Türkmenistanda daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ösüş depgini, ozaly bilen, ýurdumyzyň sebit we dünýä möçberindäki taslamalara işjeň gatnaşmagy bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Şonuň ýaly-da, durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleri, gazanylýan üstünlikleri we sepgitleri, milli mirasy, maddy we ruhy gymmatlyklary wagyz etmekde hem daşary ýurt dillerini bilmegiň ähmiýeti uludyr. Şundan ugur alnyp, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek üçin zerur şertler döredilýär.
Şonuň üçin hem ýurdumyzda rus dilini öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Rus dilinde bilim berýän mekdepler hereket edip, şol bir wagtda rus dili ähli mekdepleride giňden öwredilýär. Munuň bilen çäklenilmän rus dilini ýokary okuw mekdeplerinde, ýörite orta mekdeplerinde hem giňden öwredilýär.
Rus dili slawýan dilleriniň arasynda has giň ýaýran, geografiki nukdaýnazardan we gepleşýänleriň umumy sany boýunça dünýä dilleriniň ilkinji onlugynyň sanawyna girýär.
Dünýäde rus dilini ene dili hökmünde ulanýanlaryň sany 164 milliona deňdir. Bu dili ikinji dil hökmünde ulanýanlaryň sany bolsa 114 milliona barabardyr. Şeýlelikde, rus dilinde gepleşýänleriň sany 278 milliona barabardyr. Rus dili Russiýa Federasiýasynyň döwlet dili, Belarusuň iki döwlet diliniň biridir, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we käbir beýleki ýurtlaryň resmi dilleriniň hataryndadyr.
Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň mekdeplerinde işler göwnejaý ýola goýlup, okatmagyň we bilim bermegiň täze, interaktiw usullaryndan giňden peýdalanylýar we belent sepgitlere ýetilýär. Döwrebap mekdepleriň täze binalarynyň yzygiderli açylmagy, ak mekdeplere ilkinji gadam basan alty ýaşly körpeleriň ählisine hormatly Prezidentimiziň sowgady bolan kompýuterleriň gowşurylmagy diňe bir çagalaryň däl, eýsem, ata-eneleriň, tutuş maşgalalaryň hem şatlygyny goşalandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Ylym-bilim bilen Watanymyza wepaly gulluk etmek beýik mertebedir» diýen sözleri türkmen ýaşlaryny bu babatda dünýä ösüşi bilen aýakdaş gitmäge ruhlandyrýar. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim alyp, kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Aýjeren Gurbanowa, 
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy.

Ýene-de okaň

«Hakyda göwheri» – gymmatly hazyna

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany