SPORT

Dikuçary 17 metr süýşürdi

Russiýanyň we dünýänyň rekordçysy «Rus Halky» (Halk ― Ýewropada multfilmiň güýçli gahrymany) lakamly  Sergeý Agajanyan 40 tonnalyk «Mi-26» dikuçaryny herekete getirip dünýä rekordyny goýdy.

Şeýelelikde, ol birnäçe ugur boýunça dünýä rekordyny täzeledi. Ine ol ugurlar:

― iň agyr dikuçary çekmek;

― iň agyr agramy çekmek;

― iň agyr ulagy çekmek.

Türgen dünýäniň iň agyr” Mi-26″ dikuçaryny ýörite enjamlarsyz 42 sekuntda 17 metre çenli hereketlendirdi. Şol bir wagtyň özünde, türgen maşk ýerine ýetirilende rezin gyzgyn suw çüýşesini çişirip ýardy.

Ýatladyp geçsek, Russiýanyň iň güýçli adamy Elbrus Nigmatullin 44,58 sekuntda  36 tonnalyk «Boing-737» uçaryny 25 metre çenli süýşürip, ýurduň rekordyny goýupdy.

 

Türkmenistan-Gazagystan: telekeçilik ulgamynda hyzmatdaşlyk

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar