JEMGYÝET

Daşogzuň “Türkmeniň ak öýi” binasy açyldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýat merkezinde gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Milli Liderimiz hemmeleri mübärek Gurban baýramy hem-de täze binalaryň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan toýlanýandygyny belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, welaýat häkimliginiň buýurmagynda «Röwşen» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan «Türkmeniň ak öýi» binasynda hem milli binagärligiň ajaýyp däpleri bilen täze gazanan üstünlikleri aýratyn sazlaşyk döredýär. Güneşli ülkämiziň demirgazyk welaýatynyň merkeziniň barha gözelleşýän görküne görk goşjak bu bina döwletli maslahatlary we dürli halkara çäreleri geçirmäge niýetlenendir. «Ak öýde» şanly seneleri, baýramçylykdyr toý dabaralaryny, şowhunly aýdym-sazly çykyşlary, at üstündäki oýunlary guramak üçin hem ähli şertler döredildi.

Özboluşly bina bu ýerdäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi, 10 müň orunlyk sport toplumy, «Daşoguz» myhmanhanasy ýaly kaşaň desgalardan ybarat bolan täze binagärlik toplumynyň üstüni ýetirýär. Welaýat merkeziniň binagärlik gymmatlygyna öwrülip, adamlaryň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri bolar.

Täsin desga şähergurluşyk sungatynyň häzirki talaplary we milli binagärligiň aýratynlyklary nazara alnyp, döwrebap gurluşyk serişdeleridir enjamlary ulanylyp guruldy. Ol ähli görkezijiler boýunça dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýär.

Döwlet Baştutanymyz iri toplumyň ölçegleri barada aýtmak bilen, onuň üç müň orunlyk köpugurly zaldan ybaratdygyny belledi. Umumy meýdany 21 müň inedördül metre golaý bolan «Ak öýüň» beýikligi 40, ini hem 80 metre ýetýär.

Bina ýanaşyk ýerler hem doly abadanlaşdyryldy. Onuň daş-töweregine köp sanly pürli hem-de bezeg agaçlary oturdyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmeniň ak öýi” binasy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — “Röwşen” hususy kärhanasy tarapyndan guruldy.

Täze desganyň binagärlik keşbinde jaý gurmagyň milli däpleri we binagärlik sungatynyň häzirki zaman gazananlary sazlaşykly utgaşýar.

Ak öý — türkmeniň myhmansöýerliginiň, özboluşly taryhy-medeni mirasyň, gadymdan gelýän kökleri we gözbaşlary saklamagyň nyşany.

“Türkmeniň ak öýi” binasy 3 müň adama niýetlenen sadaka jaýyny, medeni-köpçülik çärelerini guramak üçin açyk meýdançany, awtoduralgany, tehniki toplumy we beýlekileri öz içine alýan tutuş toplumdan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz täze bina bilen tanyşlygyny tamamlap, bu günki şanly waka mynasybetli sungat ussatlarynyň konsertini tomaşa etdi. Soňra milli Liderimiz bu ýerde baýramçylyk sadakasyna gatnaşdy.

 

22-nji iýuldaky howa maglumaty

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi