1.Lukman Hekimden sorapdyrlar:
– Edebi kimden öwrendiň?
– Edepsizlerden.
2.Eflatun şägirtleriniň arasynda oturan Sokrata ýüzlenýär:
– Düýn köpçülikde bir dostuň göwnüne degdiň, ynjydyjy sözler aýtdyň. Ol sözleriňi ýekelikde aýtmaly dälmidiň? Sokrat soraga sorag bilen jogap berýär:
– Muny maňa duýdurmak üçin ýekelikde galmagymyza garaşmaly dälmidiň?
3.Bir alymdan sorapdyrlar:
– Sizden az bilýändiklerine garamazdan, sizden has köp şöhrat gazananlar bar. Munyň hikmeti nämede?
– Men bilmek üçin öwrendim. Olar bolsa tanalmak üçin – diýip, jogap beripdir.
4.Ibn Sinadan:
– Dünýäde dermany bolmaýan bir dert barmydyr? – diýip soranlarynda:
– Dermansyz dert ýagşynyň ýamana duçar bolmagydyr. – diýipdir.
5.Jüneýid Bagdadan “Sabyr näme?” diýip soranlarynda, şu jogaby beripdir:
– Gaşyňy çytmadan gaýgyňy ýuwutmakdyr.
6.Tolstoýdan sorapdyrlar:
– Siz nähili bagtly bolýarsyňyz?
– Bar bolan zatlaryma guwanýaryn, ýoklaryny asla pikir etmeýärin.
7.Meşhur grek filosofy Diyogen bir gün dar köçeleriň birinde bir gopbamsy baý bilen garşylaşýar. Ýoluň darlygy sebäpli, ikisinden biri ýoldan sowulmasa, geçmek mümkin däl eken. Özüni hemmeden ýokary saýyp ýören baý:
– Men, bir entäp ýören ykmandanyň öňünden asla gyra çekilmerin. – diýýär.Diýogen gapdala çekilip, arkaýynlyk bilen şeýle diýýär:
– Men çekilerin.
8.Osmanly Soltany Ýowuz Soltan Selim ýörişe çykjak ýerlerini gizlin saklaýar eken. Bir gün Soltan ýörişe taýýarlanmagy tabşyrypdyr. Wezirlerinden biri gelip, ýörişiň haýsy ýurda boljakdygy bilen gyzyklananda, Soltan:
– Sen syr saklap bilýärmiň?
– Elbetde hökümdarym, saklap bilýärin.
– Menem saklap bilýärin.
9.Jelaletdin Rumy şägirtleriniň biri bilen ýoldan barýarka, ýoluň gyrasynda iki sany köpek ýan–ýana ýatan eken. Ýanyndaky şägirdi:
– Käşkä ynsanlar hem şu itlerden görelde alsadylar, biri–biri bilen şular ýaly dost bolsadylar. – diýipdir.
Jelaletdin Rumy şägirdine şu jogaby beripdir:
– Aralaryna bir süňk okla bakaly, şonda görersiň olaryň nähili dostduklaryny.
Ylýasow Hajymyrat,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy