SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Daşary ýurtly metbugat wekilleriniň Türkiýä syýahatçylyk sapary – 1

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Serbiýanyň, Bolgariýanyň hem-de Gruziýanyň metbugat wekillerinden ybarat topar Türkiýe Respublikasynda syýahatçylyk saparynda bolýarlar. Bu toparyň arasynda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň habarçysynyň hem bardygy ýakymlydyr.

Bu metbugat topary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň tanyşdyrylyş çäreleriniň çäklerinde Türkiýäniň merkezinde ýerleşýän taryhy hem-de syýahatçylyk mekanlary bilen meşhur bolan Kaýseri, Ýozgat, Kyrşehir we Newşehir ýaly welaýatlarynda boldular. Bu syýahatçylyk saparynyň maksady Türkiýäniň syýahatçylyk ýerleriniň daşary ýurtlarda giňden tanalmagyndan ybaratdyr.

 

Şunuň bilen baglylykda, topar özüniň syýahatçylyk saparynyň ikinji gününde Ýozgat welaýatynda boldular. Ozalky ady Bozok bolan Ýozgat ýurduň paýtagty Ankara şäherinden 217 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Metbugat wekilleri bu welaýatyň Rim hammamyna, birnäçe muzeýine, Çapanogly uly metjidine, Haýri Inal köşgüne baryp gördüler.

2018-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Sarykaýa Rim hammamy taryhy mekanlaryň biridir. Bu ýeriň birnäçe bölegi ýykylypdyr. Ol öz döwrüniň meşhur şypahanalarynyň biridir. Onuň özboluşly taryhy bar. Irki döwürlerde Rim patyşalarynyň biriniň gyzy näsaglapdyr. Onuň aýaklary wagtyň geçmegi bilen ysman başlapdyr. Häzirki hammamyň gurlan ýeri ozal batgalyk eken, ýöne bu ýeriň palçygy hem-de ýyly suwy derde derman eken. Ine, patyşanyň gyzy bu ýerde bolan döwründe sagalypdyr. Şeýlelikde, bu ýerde uly bir şypahana gurlupdyr.

Şeýle hem metbugat wekilleri bu welaýtyň metjitlerine hem-de taryhy we irki döwürlerden galan öýlerine baryp gördüler.

Şeýle hem metbugat wekillerine Ýozgat sebitiniň özboluşly tagamlary hem hödürlendi we olara barada hem gyzykly görüüňler edildi.

 

Türkmenistanyň habarçylarynyň Türkiýä syýahatçylyk sapary

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi

Astrahan Türkmenistan bilen uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

“S7” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawlary ýerine ýetirip başlady

Aşgabat-Stambul-Aşgabat gatnawynda bilet arzanladyşy

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy bir hepdelik wiza resmileşdirmegi togtadýar

Türkmen lukmanlary halkara tejribesini artdyrýarlar

Ata Watan Eserleri