JEMGYÝET

Çynar Rustemowa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Halk Maslahatynyň mejlisinde gol çeken Permanyna laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Täjiýewna Rustemowa  «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakyldy.

Hususan-da, bu Permanda şeýle diýilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny we döwlet Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandyny, döwletiň hem-de jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny we gazanan üstünliklerini, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we tutanýerli zähmetini nazara alyp, karar edýärin:

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Täjiýewna Rustemowa Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesini — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmaly we oňa «Altyn Aý» altyn medalyny gowşurmaly.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/26-njy-sentyabr-yyldyzlar-name-diyyar-gundelik-taleynama/

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabatda saparda boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri Aşgabatda duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler