JEMGYÝET

Çölde pomidor ýetişdiriler

Birleşen Arap Emirliklerinde çöl şertlerinde pomidor ýetişdirmek işleri synag edilýär. Eger pomidordan göwnejaý hasyl alynsa, arap çöllüklerinde ekeranlçygylygyň beýleki görnüşleri boýunça hem synaglar dowam eder.

Howanyň maýlamagy ýa-da onuň üýtgemegi bilen bagly ýagdaýlar ekerançylygyna täsirini ýetirse-de, ynsan oglundan emel gutulanok. Ine, arap ekerançylary ulgam-ulgam çägelikde hasyl almagyň ugruna çykdylar. Bu işde olar döwrebap tehnologiýanyň mümkinçiliklerinden peýdalanarlar.

Ýurduň paýtagty Abu Dabi şäheriniň ýakynda guruljak üsti ýapyk ekerançylyk 7 müň inedördül metre çenli uzar. Şunça meýdandaky üsti ýapyk ekerançylyk meýdanyny ýurduň iri kompaniýalarynyň üçüsi bilelikde gurar. Aýdylyşyna görä, bu ýerden ýakyn ýyllarda pomidoryň bol hasylyny alyp bolar. Hasyl ilaty 1 million adama ýakynlaşýan şäher üçin öndüriler. Hünärmenler önümiň iň tebigy halda bolmagynyň hem aladasynda.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Gruziýa türkmen gazyny we nebitini üstaşyr geçirmekde goldaw bermäge taýýar

Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy