SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Çilime girizilýän gadaganlyk dünýäde ýürek we öýken keselleriniň ýaýramagyny azaltdy

Alymlar dünýäniň köp sebitinde we ýurtlarynda ulaglarda we köpçülik ýerlerinde çilim çekmäge kanuny gadaganlyklaryň girizilmegi ýürek-damar keselleriniň takmynan 10% azalmagyna we öýken keseliniň 17% azalmagyna sebäp bolandygyny anykladylar.  Bu baradaky netijenama  “JAMA Network Open” žurnalynda çap edilen makalada bellenilip geçildi.

“Ilkinji gezek çilim çekmegiň gadagan edilmeginiň dünýä ilatynyň saglygyna edýän täsirini gözden geçirdik. Biziň seljermämiz çilim çekmegiň gadagan edilmeginiň ähli ýürek we damar keselleriniň umumy keselini 10%, öýken kesellerini 17%, şeýle hem bu ugurdaky keseller bilen kesellänleriň hassahanalara ýerleşdirmek ýygylygyny 9% azaldandygyny görkezdi” – diýlip, makalada bellenilip geçilýär.

Dünýäniň köp sanly ýurdunyň agzasy bolan 2005-nji ýylda güýje giren BSGG-niň Temmäkä garşy göreş çarçuwaly konwensiýasy çilime garşy göreşi güýçlendirmek üçin kabul edildi. Konwensiýanyň esasy ugurlarynyň biri dünýä döwletlerinde adamlary ulaglarda, köpçülik ýerlerinde we ýapyk ýerlerde temmäki tüssesiniň täsirinden goramak üçin ähli zerur çäreleri görmegi maslahat bermek bilen tapawutlanýar.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär