SPORT

Çempionlar ligasynyň pul baýragy

2020/2021-nji ýylyň möwsümi üçin Çempionlar ligasynyň pul baýragy 1,95 milliard ýewro deň boldy. bu barada Ýewropanyň Futbol assosiasiýalarynyň geňeşiniň (UEFA) metbugat gullugy habar berýär.

Golaýda, dünýäniň iň abraýly futbol ýaryşynyň toparçylarynyň bijeleri çekildi. Toparçadaky duşuşyklara gatnaşýan her bir topar 15,25 million ýewro, toparçalardaky her bir ýeňiş üçin 2,7 million ýewro, deňme-deňlik üçin 0,9 million ýewro berler.

1/8 finala çykylan halatynda 9,5 million ýewro, çärýek finalda 10,5 million ýewro, ýarym final üçin 12 million ýewro pul baýragy berler.

Final duşuşygyna gatnaşýan her bir topar 15 million ýewro, ýeňiş gazanan halatynda goşmaça 4 million ýewro alar.

UEFA-nyň Superkubogyna gatnaşyjylar bolsa 3,5 million ýewro, ýeňiji 1 million ýewro pul baýragy alar.

Şeýle hem toparlar soňky 10 ýyldaky reýtingi esasynda hem töleg alarlar. Çempionlar ligasynyň bu tölegler üçin umumy gaznasy 585 million ýewro deňdir. Reýtingiň iň aşaky bölegindäki toparlar 1,108 million ýewro, birinji 35,46 million ýewro alar.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

Ýene-de okaň

Awazada Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek küşt boýunça Gran-pri ýaryşy badalga aldy

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy