SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Çagalara niýetlenen waksina synagdan geçirilýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Moderna» kompaniýasy 6 aýlykdan 12 ýaşa çenli aralykdaky çagalarda «mRNA-1273» atly koronowirusa garşy waksinanyň 2/3 faza boýunça synaglarynyň başlandygyny habar berdi.

Waksina çagalara 28 günlük aralyk bilen iki ölçegde urulýar. Şunda onuň çaganyň saglygyna howpsuzlygy, bedenine täsiri we ýokanç kesellerden goraýjylygy berk gözegçilige alynýar. Synaglar Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we Kanadada ýaşaýan 6750 çagada geçiriler.

Synaglar tamamlanansoň, bir ýylyň dowamynda waksinanyň çaganyň saglygyna edýän täsirine gözegçilik ediler. Şeýlelikde, «Moderna» kompaniýasy çagalarda waksina synagyny geçirýän ilkinji kompaniýa boldy. Kompaniýanyň geçen ýylyň dekabr aýynda 12 ― 17 ýaş aralygyndaky ýetginjekler waksinanyň synagdan geçirendigini ýatladýarys.

 

Türkmen telekeçileriniň sergisi

 

 

 

Ýene-de okaň

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy