SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Buýan köküniň koronawirusa peýdasy

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde dünýäde giňden ýaýran koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly käbir pikirlerini beýan etdi.

Türkmen topragynyň tebigy serişdelere örän baýdygyny bellän hormatly Prezidentimiz bu baýlyklaryň gazylyp alynýan peýdaly magdanlar, olaryň  tebigy gaz, nebit we mineral serişdeler bolup durýandygyny belledi.

Ýöne bu gezek ýurdumyzyň ösümlik dünýäsi barada durup geçen milli Liderimiz ýurdumyzyň çölünde we sähralarynda dürli görnüşli otlaryň bardygyny belledi. Derýalarymyzyň jülgelerinde we daglarymyzda köp sanly peýdaly we täsin ösümlikler ösýär. Müňýyllyklaryň dowamynda adamlar bu baýlyklary diňe iýmit däl-de, ot-çöplerimizi derman hökmünde ulanypdyrar. “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň 12-nji jildi neşir edildi. Emma men bu işiň soňuna ýetip bilemok, diýip milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz şol ösümlikler bilen özüňi bejermek barada alym, lukman hökmünde olary bilip çemeleşmegi ündedi. Türkmen topragyndaky köp sanly dermanlyk ösümlikleriň şu nukdaýnazardan doly öwrenilmändigini bellän döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri bolup işlän döwründe bu işlere başlandygyny, şol döwürde buýan köküni gaýtadan işleýän zawodyň gurlandygyny, oňa ýer berlendigi, bu kärhananyň süýji buýany ösdürip ýetişdirýändigini, halk dermançylygy esasynda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, şondan bejeriş-öňüni alyş serişdeleriniň taýýarlanýandygyny belledi.

Ilat arasynda süýji buýan ady bilen belli bolan ösümligiň ýurdumyzda 4 görnüşiniň, dünýäde bolsa 15 görnüşi duş gelýär. Buýan köki halk lukmançylygynda içde döreýän keselleri, üsgülewük, böwrek, ýokary dem alyş ýollarynyň hem-de on iki barmak içegäniň kesellerini bejermekde ir wagtlardan bäri dermanlyk serişde hökmünde ulanyp gelinýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň derman serişdeleriniň ýygyndysynyň sanawynda bu ösümlik birinji 5-likde durýar. Bu süýji önümiň düzüminde 23 göterime çenli glisirizin turşusy bar. Glisirizin turşusynyň esasynda allergiýany, sowuklamany, bronh demigysmasyny, wiruslara garşy ulanylýan dermanlar taýýarlanýar. Öňler buýany süýji hökmünde çaýa hem goşardylar diýip, belledi.

Milli Liderimiz soňky maglumatlara görä, süýji buýanyň ähmiýeti boýunça dermanlyk ösümlikleriň birinji ýerde durýandygyny belledi. Häzirki wagta bu ösümligiň 300-den gowrak derman serişdesiniň düzümine goşulýandygyny aýtdy.

Alymlaryň bu ösümligiň düzümindäki gilisirizin turşusynyň bütindünýä boýunça garşysyna göreşilýän täze koronawirus pandemiýa ýokanjynyň ýaýramagyna päsgelçilik döredýändigini belleýändiklerini mälim eden milli Liderimiz buýan köküniň şiresiniň az mukdarynyň bu ýokanjy ýok etmekde gowy peýda berýändigini belledi.

Bu bolsa glisirizin turşusynyň ýokançlara garşy täsiriniň düýpli öwrenmegiň zerurdygyny görkezýändigini bellän hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda dünýäde pandemiýa bilen bagly howsalaly ýagdaýyň dowam edýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz bu ýokanjy garşy peýdaly bolup biljek buýan köküniň ýurdumyzda ýeterli gorunyň bardygyny aýdyp, onuň Ýer ýüzünde başga ýerlerde hem ösýändigini, ýöne türkmen buýanynyň has gymmatlydygyny belledi. Sebäbi türkmen topragynyň howa şertleriniň bu ösümlikde köp sanly peýdaly maddalaryň toplanmagy üçin şert döredýändigini belläp geçdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasyna bu meseläni mundna beýläk-de düýpli öwrenmegi, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine işläp gelýän derman kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmagy we täzelerini gurmagy tabşyrdy.

Ýadyňyzda bolsa, www.atavatan-turkmenistan.com saýtymyzda koronawirus üçin tebigy bejeriş – buýan köki barada habar beripdik. Şol habarymyzda Germaniýanyň Essen uniwersitetiniň hassahanasynyň alymlary laboratoriýa gözlegleri üçin 8 mg/ml buýan köküniň şerbetini taýýarlapdylar we onuň düzümindäki gilisirizin turşusynyň koronawirusyň täze görnüşini bejermekde täsirli bolup biler diýip nygtap geçipdiler. Şol habarymyzy okamak üçin şu linke basyň.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Stambul-Aşgabat gatnawynda bilet arzanladyşy

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy bir hepdelik wiza resmileşdirmegi togtadýar

Türkmen lukmanlary halkara tejribesini artdyrýarlar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlaryna Malaýziýada 90 güne çenli wizasyz bolmaga rugsat berilýär

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Moskwadan alternatiw ugurly gatnawlary dowam etdirýär

Täze nesil “Beta” nesli diýlip atlandyrylar