Bütindünýä teatr güni 1961-nji ýylda Halkara teatr institutynyň IX kongresi tarapyndan döredildi we her ýyl 27-nji martda Halkara teatr institutynyň merkezleri we halkara teatr jemgyýetleri tarapyndan bellenilýär.
Däp bolşy ýaly, her ýyl bu baýramçylyk “teatr halklaryň arasyndaky parahatçylygy berkitmegiň we özara düşünişmegiň serişdesi hökmünde” diýen şygar bilen geçirilýär.
Häzirki wagtda Halkara teatr instituty ÝUNESKO-nyň garamagyndaky dünýäniň iň uly hökümete degişli däl guramasydyr. Milli merkezler, sebit geňeşleri we komitetleri dünýäniň 100-e golaý ýurdunda wekilçilik edýär.
“Teatr” sözi gadymy grek sözi “theatron” sözünden gelip çykyp, “tomaşa ýeri” manysyny berýär. Däp bolşy ýaly, teatrda iň meşhur iki žanr oýnalýar – komediýa we tragediýa. Teatr nikaplary olaryň nyşanyna öwrüldi.
Ilkinji teatr oýny Müsürde goýuldy we şol ýerde dürli mifologiýa degişli žanrlar suratlandyryldy. Gadymy Gresiýada teatr tragediýanyň we komediýanyň we beýleki teatr görnüşleriniň anyk kesgitlemesi bilen sungat hökmünde kemala gelip başlady. Gadymy grek teatr çykyşlarynda mifologiki şekiller hem ulanylypdyr.
Bütindünýä teatr güni diňe bir sahna ussatlary we ähli teatr işgärleri üçin halkara hünär baýramçylygy däl, bu biziň baýramçylygymyz – millionlarça tomaşaçylaryň hem baýramçylygydyr. Sahna ussatlary teatr dürli sahnalary ýerine ýetirip, dynç alýan bolsa, tomaşaçylar şol sahna eserlerine tomaşa edip dynç alýarlar.
Aýmyrat Babaýew, TOHU-nyñ talyby.
Aşgabat-Minsk ugry boýunça uçar gatnawy meýilleşdirilýär