SIZDEN GELENLER

Bütindünýä statistika güni

Bütindünýä statistika güni ilkinji gezek 2010-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assembleýasynyň 64/267 Karary esasynda döredildi. Bu baýramçylyk 20-nji oktýabrda, her bäş ýyldan bir gezek bellenilýär. 2010-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň  41-nji mejlisinde bu şanly sene Guramanyň statistika topary tarapyndan yglan edildi.Statistika ykdysady we sosial ösüş üçin möhüm guraldyr. Ol býujetleriň we sosial maksatnamalaryň hemme taraplaryny esaslandyrmaga girýän esasy faktorlardan biridir. 2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assembleýasy 69/282 Karary bilen 2015-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda “Has gowy maglumat, has gowy durmuş” şygar esasynda ikinji Bütindünýä statistika güni yglan edildi. 2010-njy ýylyň maglumatyna görä, bu baýramçylyk 103 ýurtda bellenilip geçirilýär. Indiki  Bütindünýä statistika güni 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda geçiriler.Bütindünýä statistika gününde dünýäniň ýurtlarynyň ençemesi resmi statistikanyň roluny we milli statistika ulgamlarynyň gazananlaryny görkezmek üçin birnäçe çäreleri geçirýärler.

Mähri Baýramowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

 

18-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

 

 

Ýene-de okaň

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri

Ajaýyp zamananyň bagtly nesilleri

Ata Watan Eserleri

Sport – sagdynlygyň çeşmesi

Ata Watan Eserleri

Rus dili – dünýäniň täsirli dilleriniň biri

Ata Watan Eserleri

Dünýä akyldary – türkmen danasy

Zähmet okuwy – başarnygyň açary