BILIM

«Bolaşak» maksatnamasy boýunça müňlerçe gazagystanly dünýäniň iň abraýly uniwersitetlerinde mugt okaýar

2025-nji ýylda Gazagystanyň dünýäde meşhur bolan Gazak dilinde Gelejek manysyny berÿàn «Bolaşak» halkara talyp haky maksatnamasy boýunça täze sanlar yglan edildi. Gazagystanyň Bilim ministrliginiň resmi maglumatlaryna görä, şu ýyl 500-e golay raýata daşary ýurtlarda ýokary bilim almaga mümkinçilik berildi.

30 ýyldan gowrak tejribe

1993-nji ýylda başlanan «Bolaşak» häzirki güne çenli 12,5 münden gowrak ýaş gazagystanlynyň dünýäniň öňdebaryjy okuw mekdeplerinde bilim almagyna ýol açdy. Resmi hasabatlara görä, olaryň arasynda 6958 magistr, 2626 bakalawr, 2537 okuwçy tejribe boýunça taýýarlyk, 200-den gowrak PhD derejesini aldy.

Haýsy ýurtlarda okaýarlar?

2025-nji ýylda saýlanan stipendiýalar esasan şu ýurtlarda bilim alýarlar:

  • ABŞ-da: Garwadr, MIT, Kornell, Kolumbia, Stanford, Prinseton, Çikago Uniwersiteti ýaly dünýäniň öňdebaryjy okuw jaýlarynda,
  • Britaniýada: Oksford, Kembrij, Ykdysadyýet boýunça London mekdebi, Londonyň Imperýal kolleži, Londonyň uniwersitet kolleži ýaly uniwersitetlerde,
  • Ýewropada: Sorbonne (Fransiýa), Sciences Po, Heidelberg (Germaniýa), KU Leuven (Belgiýa), ETH Zürich (Şweýsariýa), European University Institute ýaly ýokary okuw jaýlarynda,
  • Aziýada: Pekin Uniwersitetinde, Sinhua Uniwersitetinde (Hytaý), Singapur Milli Uniwersitetinde we Ýaponiýanyň Tokio Uniwersitetinde.

Maksatnamanyň şertleri

«Bolashak» stipendiýasynyň esasy şertleriniň biri — daşary ýurtlarda bilim alan ýaşlaryň okuwyny tamamlap, ýurduna dolanyp, azyndan 3–5 ýyl Gazagystanda işlemek borjy bolup durýar. Maksatnamanyň esasy maksady — ýurduň ykdysadyýetine, jemgyýetine we döwlet dolandyryşyna ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak.

Uçurymlaryň orny

Soňky ýyllardaky hasabatlara görä, «Bolashak» diplomlylarynyň köpüsi şu ugurlarda işleýärler:

  • 42,8% – hususy pudakda,
  • 31% – döwlet edaralarynda,
  • 16,2% – ýary döwlet we iri korporatiw ulgamlarda,
  • galan bölegi bolsa halkara guramalarda we diplomatik gulluklarda.

Mysal üçin, «Bolaşak» maksatnamasynyň uçurymlarynyň arasynda ýurduň ýokary döwlet wezipelerine çykan tanymal şahsyýetler hem bar. Olaryň biri — Bagdat Musin, häzirki wagtda Gazagystanyň sanly ösüş, innowasiýa we emeli intellekt ministri bolup işleýär. Şeýle hem dürli ýokary okuw jaýlarynyň rektorlary, iri döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we jemgyýetçilik işgärleri hem «Bolaşak» maksatnamasynyň uçurymlarydyr.

Ýene-de okaň

Pakistan türkmen talyplaryna talyp haky bermäge taýýar

Türkmenistan Hytaýyň Dýanszy uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Ýaponiýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde AQA Global wekiliýeti bilen duşuşyk

Mary welaýatynda täze çagalar bagy açyldy

Ata Watan Eserleri

Şwesiýanyň mekdeplerinde okuwçylaryň mobil telefon ulanmagy doly gadagan ediler