JEMGYÝET

BMG-niň Awaza forumynyň netijeleri: sanlar we maglumatlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi.

Bu iri halkara forumy babatda käbir sanlary we maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris:

  • BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen, 104 döwletden 1179, halkara guramalaryň 46-syndan 430, 35 döwletiň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden 166, daşary ýurt kompaniýalarynyň 13-sinden 20, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň medeniýet işgärlerinden 429 sany, umumylykda 2 müň 224 wekil ýurdumyza sapar bilen geldi.
  • 5 — 8-nji awgust aralygynda 6 sany plenar mejlis, tematiki «tegelek stol» duşuşyklarynyň 5-si, ýokary derejedäki forumlaryň 7-si, ugurdaş çäreleriň 37-si (şolaryň 5-si Türkmenistan tarapyndan) geçirildi.
  • Maslahatyň işiniň barşy hem-de onuň dowamynda seredilen meseleler bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini tanyşdyrmak maksady bilen, 3 sany brifing guraldy.
  • Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen Awaza forumyna gatnaşan döwletleriň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň 138-si geçirildi.
  • Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň arasynda ikitaraplaýyn resminamalaryň 6-syna gol çekildi.
  • BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijeleri boýunça jemleýji resminama bolan Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi.
  • Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň maksatnamasyna seredilip, ony «2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy» diýip atlandyrmak resmi taýdan yglan edildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Taryhy gymmatlyklarymyz Rimiň Kapitoliý muzeýinde görkezilýär

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 336 sany raýatyň günäsi geçildi