Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 50-si hasaba alyndy.Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Singapuryň, Maltanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gruziýanyň, Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, awtobenzini, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen mazudy satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri tüýjümek önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 91 million 682 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 31 müň 500 manada deň bolan “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen bentonit külkesini satyn aldylar.