ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Nazar Aýnazarow: bir ýatlamadan başlanan söhbet

Geçen ýyl iş ýerine baranymda halypa kitaphanaçy Oguljemal Orazdurdyýewa:

— Indi kim hakynda ýazmakçy bolýaň? — diýip gyzyklandy. Üç-dört adamy göz öňünde tutýandygymy aýtdym. Ol:

— Düýn baýramçylyk çäresine baranymda özara gürrüňdeşlikde žurnalist Nazar Aýnazarow hakynda söz açyldy. «Şolam halk üçin köp iş bitirenleň biri» diýip gürrüň edildi. Eger ýazsaň ol barada-da maglumat gözleşerin — diýdi.

On-on bäş ýyl öňem maňa: «Nazar Aýnazarow hakynda ýazsana! Bütin ömrüne medeniýet ulgamynda işledi. Ol janly ensiklopediýa» diýenler boldy, ýöne ol hakynda hiç zat bilemokdym. Şonuň üçin kän bir gyzyklanyp durmadym.

Arada bagşy Nurberdi Gulow hakynda maglumat gözläp otyrdym. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2002-nji ýylyň 22-nji noýabr sanynda «Halypanyň hatyrasy» atly makala gabat geldim. Şol makalada awtoryň bagşy bilen bagly şeýle ýatlamasy bar:

«…Nurberdi Gulowyň ady agzalanda onuň bilen baglanyşykly bir pursat  ýadyma düşýär. Aňrymda bagşy-sazanda bolmasa-da, kakam türkmen aýdym-sazlarymyzyň ölemen muşdagy. Çagalykdan öýmüzde bagşy-sazandalary diňläp ulaldym. Sebäbi meşhur, halk köpçüliginiň söýgüsini gazanan bagşy-sazandalar öýmüziň hormatly myhmanlary bolardylar, häzirem şeýle. Şolaryň arasynda Sahy Jepbarow, Nurberdi Gulow ýaly ägirtlerem bardy. Şeýle beýik bagşylaryň aýdymlaryny, sazlaryny diňe ýakyndan diňlemek däl, eýsem, olara hezzet-hormat etmek hem maňa miýesser edipdi. Näçenji ýyllardygy ýadyma düşenok öz-ä ýetginjek döwrümdi. Bu gezegem kakam öňünden duýdurman adatdakysy ýaly öýe myhman — bagşy alyp geldi. Gapydan eli dutarly, sadaja geýnüwli, pesiräk boýly, hortaňrak adam gelip, edep bilen salamlaşdy. Bagşynyň gelenini eşidip goňşy-golam, kakamyň dost-ýarlary geldiler. Bu sadaja geýnüwli, pukaraja adam — Türkmenistanyň halk artisti Nurberdi Gulowdy.

Şol günki oturlyşyk gijäniň ýaryna çenli dowam etdi. Üýşmeleňiň iň gyzyp duran pursaty «Aşyk Çaňly» dessanynyň «Bibileri» ýaňlanyp başlady. Bagşy «Ýandyrdyň Bibi, köýdürdiň Bibi, aglatdyň Bibi…» diýip, aýdymyny soňlandan  kakam: «A-laýt, Nurberdi aga, Bibiçil ekeniň-äý» diýip degişdi. Ejemiň ady Bibi bolansoň, kakamyň degişmesine oturanlaram, Nurberdi aganyň özem hezil edip güldi. Soňra-da ol:

— Aý, Nazar jan, şu gezeg-ä aldyň-ow, munça bolanyna görä, «Bibilerden» ýene bir aýdym gaçyraýyn — diýip, «Güli Bibiniň» aýdymyny ýerine ýetirdi.

Nurberdi aga diňe bir aýdymlary bilen däl, wäşiligi, sadalygy, belent adamkärçiligi bilen hem halkyň söýgüsini gazanyp bilipdi…».

Makalanyň awtorynyň myhmansöýer, sungatsöýer maşgala ojagy, kakasynyň degişgenligi hakynda içgin bilesim geldi. Ol makalany häzirki wagtda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň müdiri, uly mugallym bolup işleýän Gözel Aýnazarowa ýazypdyr. Sorap-idäp Gözel mugallymyň telefon belgisini tapdym. Jaňlaşyp onuň bilen söhbetdeş bolduk. Asyl ol maňa öňden «şol hakynda-da ýazsaňyzlaň!» diýip, salgy berilýän Nazar Aýnazarowyň gyzy eken. Ol:

— Kakamyň yzynda ogul perzendi galmansoň, familiýamy-da  üýtgetmedim» diýip  gürrüňe başlady.

— Söhbetdeşligimize sebäp bolan makalaňyzy kakaňyz aýatda bar wagty ýazypsyňyz öýdýän?

— Hawa, kakam jan makalany okap umuman göwni ýetdi, ýöne: «Nurberdi aganyň boýy gaty pes däldi» diýip, ýekeje bellik aýdypdy. Ýogsa ol gaty talapkärdi — diýip, ol şahsy arhiwindäki kakasy bilen bagly suratlary, maglumatlary öňümde goýdy.

Ilki bilen Nazar aga sowgat berlen kitaplardaky ýazgylaryň käbirlerini  göçürip aldym. Bular: «Kiçi göwünli, uly sylagly, päli pes, mertebesi belent, halypa žurnalist, artykmaç adam, nazarkerde ýigit Nazary hormatlamak hem hoşniýetli arzuwlar bilen. 22.02.07.» diýip, onuň uly suratynyň arka ýüzünde foto suratçynyň gol çekip hem-de «Çynarym» atly kitabyna: «Ençeme ýyllap duz-emek bolup tirkeşen köne dostum Nazar Aýnazar ogluna ýagşy dilegler bilen 2001.15. 06.» diýip, şahyr Geldi Bäşiýewiň ýazan ýürek ýazgylary. Diňe şu ýazgylardan hem Nazar aganyň belent adamkärçilikli ussat žurnalist bolandygyna göz ýetirip bolýar.

Soňra ol hakynda dürli ýyllarda metbugat sahypalarynda çap bolan makalalara göz aýladym. Milli aýdym-saz sungatymyzyň sütün halypalary barada maglumatlary özünde jemleýän birnäçe kitaplaryň awtory, sazşynas Akmuhammet Aşyrowyň Nazar aganyň doglan gününiň 60 ýyllygy mynasybetli ýazan «Ýigit başy aman bolsa…» atly makalasyny okap başladym:

«…Ol ýaşyndan edebi uly diýilýänlerdendi. Nazar Aýnazarow bilen altmyşynjy ýyllaryň ortalarynda tanyşdyk. Türkmen telewideniýesinde bile işläpdik. Saçlaryndan darak geçmez, syrdam boýly, görmegeý ýigitdi. Ökde žurnalist hökmünde tanalýardy. Gündelik wakalara degişli telewizion habarlary mawy ekran üçin taýýarlardy. Makalalaryny gazet-žurnallarda-da kän okardym. Bile işleşip başlanymda ol ýigidi tanamaýan seýrek ekeni. Dostlaram özi ýaly alçak, il arasynda tanalýan adamlardy.

Wagt tapsak Nazar bilen dünýe gürrüňlerini ederdik. Zehini dury, düşünjesi sagat ýigit bilen durmuş wakalarynyň köp taraplary hakynda gürrüň edip bolýardy. Meşhur sungat ussatlarymyz Sahy Jepbarowyň, Ödenýaz Nobatowyň, Çary Täçmämmedowyň, Ýagmyr Nurgeldiýewiň, Tuwakgylyç Gurbannyýazowyň, Gurt Ýakubyň… we başga-da ençeme sungat ussatlarymyzyň halka hyzmatlary hakynda söhbetler gurardyk. Asyl onuň bagşy-sazandalardan dostlary meniňkiden az däl ekeni. Gaýtam meni heniz tanamaýan bagşy-sazandalarymyň birnäçesi bilen Nazaryň özi tanyşdyrdy. Şol wagtlar ýazyjy Berdi Soltannyýazowyň howlusynda wagtlaýynça gurlan jaýda kireýne ýaşaýardym. Bir gün Nazary çaýa çagyrdym. Şonda men ony ilki öý eýesi bilen tanyşdyrdym. Soňra-da:

— Berdi aga, bu ýigidiň ady Nazar, familiýasy Aýnazarow, ýöne men oňa Nazar beg diýýän. Sebäbi ol Gökdepäniň Hurmantgökje obasynyň beg tiresinden — diýip Nazary tanyşdyrdym. Berdi aga salam-helikden soňra Nazaryň ýüzüne bir salym çiňerilip seredip durdy-da:

— Içgin seredip duranymy geň görme ýigit! Bir gören ýüzüme meňzetdim, ýöne hakydama getirip bilemok. Kimiň ogly,  kakaňa kim diýerler?

— Aýnazar komissar diýip eşidipmidiňiz? Men şonuň ogly. Kakam otuzynjy ýyllaryň ortalarynda Maryda podpolkownik Aga Ysmaýylyň ýolbaşçylygyndaky atly polkuň komissary bolupdyr. Otuz ýedinji ýylyň tutha-tutlugynda-da ýoklanypdyr…

— Hä, şeý diýsene! Aýnazar komissary gowy tanaýan. Ol uzyn boýly, agaç et, örän görmegeý ýigitdi. Özi ýalylaryň arasynda saýlanar durardy. Keşbiň onuň agyn özi. Aýnazar komissary gören ýaly boldum. Wah, ol adamlar bigünä ýoklandylar. Otuz ýedide meniňem uly agam Esen Soltannyýazow edil seň kakaň ýaly ýoklananlaň biri. Geliň, geçiberiň! — diýdi. Nazaryň kakasy hakynda şonda bildim…

Makalanyň şu ýerinde saklandymda:

— Gözel mugallym, kakaňyz näçenji ýylda doglan? — diýip sowal berdim.

— Kakamyň hakyky doglan ýyly 1936-njy ýyl, ýöne pasportynda 1939-njy ýylyň 10-njy aprelinde doglan diýlip ýazylan. Kiçilikden ýetim galansoň, internatda terbiýelenen. 1955-1960-njy ýyllar aralygynda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetini tamamlaýar. Zehinli şahyrlar Annaberdi Agabaýew, Halyl Kulyýew, Nazar Gullaýew, Sapar Güjükow dagy bilen bile okapdyr. Soňra 1970-1972-nji ýyllar aralygynda Marksizm-Leninizm ýokary partiýa mekdebinde, 1977-nji ýylda Leningradda ýokary kämilleşdiriş okuwyny gutarýar. Uniwersiteti gutaryp ilki üç ýyl Türkmendöwlet neşirýatynda işleýär, soňra Türkmen telewideniýesinde işini dowam etdirip, kyrk bäş ýyl şol ýerde dürli wezipelerde işledi. Ömrüniň ahyryna çenli iki-üç ýyl konserwatoriýada-da işledi. Kakam jan bilen bir edarada bile işleýändigime buýsanardym. Tanymal halypalar kakama uly hormat goýup, «halypa» diýip salam bererdiler. Olaryň birek-birege hormat goýup, sylag-sarpaly hereketleriniň özi durmuş tejribämde nusgalyk mekdep boldy. Kakam bilen bagly ýatlamalar hiç ýadymdan çykanok. Atamyň ykbaly hakynda kakam kän gyzyklandy.

Bir gün öýmüze Daşoguz welaýatyndan bir ýaşuly geldi. Ol atamyň at tutary bolupdyr. Şol ýaşuly kakam doglanda atamyň meşhur Oraz Salyr bagşyny aýtdyrandygyny, bagşyny diňlemek üçin goňşy obalardanam uly märekäniň gelendigini gürrüň berdi. Soň bolsa atama: «Sen bagşy aýtdyryp, märekäni işden goýýaň. Magtymgulynyň goşgularyna dini aýdymlary il-güne diňledýäň» diýip azar berlendigini aýtdy. Şonda kakam ol ýaşuludan: «Meniň kakam hakykatdanam halk duşmanydymy?» diýip sorady. Ol: «Ýok, kakaň öte sowatly, çalasyn adamdy» diýip öwgüli sözler aýtdy. «Meniň aýdýan gürrüňlerimiň hakykatdygyna ahyry göz ýetirersiň» diýdi.

Şeýlelik bilen kakam ýokary ýolbaşçylardan rugsat alyp atamyň arhiw maglumatlaryny düýpli öwrendi hemem onuň bigünä töhmet pidasy bolandygyna göz ýetirdi. Bu barada soň gazet sahypasynda-da çap boldy. Ynha, şu gazeti okap görüň! — diýdi.

Seretsem «Türkmenistan» gazetiniň 1992-nji ýylyň 4-nji aprel sany. «Ýagşy adam ýatdan çykmaz». (Töhmet belasy ýa-da Aýnazar Ýelliýewiň keç ykbaly dogrusynda kelam agyz söz) atly makala. Žurnalist Baýram Sähedow ýazypdyr. Şu ýerde bir zady nygtasym gelýär. Nazar Aýnazarow bilen bagly ýazylan makalalaryň awtorlary hersi öz ugrundan ömrüni düýpli gözleglere bagyşlan halypalar. Şonuň üçin ol makalalar biri-birinden gyzykly hem täsirli. Bu makaladan hem käbir bölekleri göçürip aldym:

«…Nazar kakasyny alnyp gidilende heniz agy-garany saýgarmaýan çaga eken.

— Gijäň ýarymynda öýmüze üç-dört sany adam gelip kakamy alyp gidipdirler. Kakam pahyr olaryň oňňullyga gelmändigini aňypdyr öýdýän, meniň ýaňaklarymdan taýly gezek öpüpdir-de ejeme şeýle diýipdir: «Maýsa, mert bol. Nazar jany horlama!». Ine, kakamyň soňky sözi şo bolupdyr. Maňa bu zatlary soň-soňlar ejem pahyr gürrüň beripdi — diýip Nazar aýdýar.

Aýnazar şo döwrüň aňly-düşünjeli adamsydy, ýokary harby çini alan türkmenleriň ilkinjileriniň biridi. Ol 18-nji atly dwiziýanyň esgerleriniň söweş tälimlerini oňat ele almak üçin güýjüni gaýratyny gaýgyrmandy. Ol ýaraglardan oňat baş çykarýardy, at üstünde diýseň batyrgaý hereket edýärdi. Syýasy sowady hem ýetikdi. Ol il-gününe tüýs gerek wagty töhmetiň pidasy boldy» diýip, ýazylan giňişleýin makalada Nazar Aýnazarowyň kakasynyň ykbalyna degişli resmi maglumatlar bilen anyk beýan edilýär.

«Şeýdip birnäçe ýyl geçenden soňra, Aýnazar Ýelliýewiň 1938-nji ýylda töhmetiň pidasy bolandygy aýan boldy. Ol aklanyldy» diýen jümle bar. Hemme zat düşnükli. Diýmek Nazar aganyň çagalyk  ýyllarynyň ýeňil geçmändigine göz ýetirip bolýar.

Arhiw ýazgylary öwrenip otyrkam ýene bir gazetde ünsüm eglendi. «Sportiwnyý Turkmenistan» gazetiniň 1997-nji ýylyň 27-nji dekabr sanynda «Şonda gelmezmikä ýigitlik çagy» atly makala ýazylypdyr. Derrew okap çykdym. Nazar Aýnazarow ýaşlygynda sportuň woleýbol görnüşi bilen meşgullanypdyr. Onuň dürli ýyllarda geçirilen halkara sport ýaryşlaryna gatnaşandygy hakynda bu makalada aýdylýar. Ol altmyşynjy ýyllarda tejribeli sportsmen, Türkmenistanyň şol ýyllardaky ýygyndy toparynyň agzasy. Makalada Nazar Aýnazarowyň bir ýatlamasy-da bar:

«60-njy ýyllarda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada türkmen woleýbolçylary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek üçin Hytaýdan, Owganystandan, Eýrandan hat-da Italiýadan hem komandalar gelerdi. Duşuşyk paýtagtymyzdaky birinji park atlandyrylýan seýilbagynyň sport meýdançasynda geçirilerdi. Seýilbagyň içi baýramçylyk ýaly bolardy. Bir gezek Simferopol şäherine gidenimizde bolup geçen bir waka şindem ýadymdan çykanok. Ukrainanyň komandasy bilen oýnap utupdyk. Oýun tamamlanan badyna ýanymyza bir garry rus aýaly geldi. Ol biziň Türkmenistandandygymyzy bilip, oýnumyza tomaşa etmäge gelipdir. Görüp otursak onuň ýaşlyk ýyllary gözel Aşgabatda geçipdir. Ýer yranmasyndan soň, şol şähere maşgalasy bilen göçüp barypdyr. Ol garry bizden Aşgabady köçeme-köçe soraýar weli, ol köçelere özi at dakan ýaly. Biz onuň hemme soraglaryna jogap berdik».

Ine, şu makalada onuň sport lybasly foto suraty-da ýerleşdirilipdir.

— Tüweleme, Nazar aga bilen bagly gyzykly ýatlamalar kän eken — diýdim.

— Hawa, kakaly günlerim hakynda aýdara ýatlamalar az däl — diýip Gözel ýene gürrüňini dowam etdi.

— Kakam ýetimlikde ulalansoň, özi ýaly ykbaldaş adamlara dözmezdi. Elinden gelse kömek ederdi. «Keçpelek» çeper filminde toý gidip durka iki sany ýigidiň gapy diňleýän pursatyndaky kartina bardyr. Şol ýigitleň biri Sähediň keşbinde surata düşen Täşli Jumaýew garyndaşymyz. Ol ýetim bolansoň, oňa  kakam öz ogly ýaly hossarlyk etdi. Ony telewideniýa işe ýerleşdirdi. Täşli kän ýyl operator bolup işledi, gysgajyk sahnalarda çykyş ederdi. Ol on ýyl öýmüzde ýaşady. Soň ony kakam öýerdi, öý almaga ýardam etdi. Öýlenende Annaberdi Atdanow aýdym aýtdy. 6-7 ýaşlarymdadym. Toý gutaransoň, Annaberdi Atdany öýlerine goýbermän ýene-de öýmüziň bir otagynda diňlediler. Menem gündiz ýadaw. Çaga-da ýatasym gelýär. Bagşynyň sesi mikrofonsyz ýaryp gelýär. Gulagyma pagta dykyp ýatjak bolýanym ýadymda.

Kakamyň ýetişdiren şägirtleriniň biri Rejep Annamyradow öýmüze köp gelerdi. Ol uniwersiteti tamamlap, türkmen telewideniýesinde  ilkinji zähmet ýoluna başlaýar, kakam bilen bileräk işleýär. «Şol ýyllarda ýurdumyza degişli habarlardyr wakalar «Täzelikler» ady bilen gündelik ýaýlyma gidýärdi. Özem gepleşikde türkmen hem rus dillerinde telegörüjilere ýetirilerdi. «Habar ýazmak žurnalistikanyň kyn žanry, ýöne gyzykly. Gündelik çykýan gepleşige her gün täzelik çaýmak, habar sözlemleriň öňünde «şu gün», «düýn» diýen ýaly gündelik sözleri ýetirmek üçin wakalaryň hemişe içinde bolmaly. Gyzgyny bilen ýaýlyma berilýän habarlar diňleýjileri, tomaşaçylary gyzyklandyrmaly» diýip Nazar halypa  köp okamagy, ene dilimizi örän gowy bilmegi, dürs okamagy başarmagy berk talap ederdi. Sözlemleriň sagdynlygyny, pikir yzygiderliligini, edebi diliň talaba laýyklygynyň berk berjaý edilmegini mysallar arkaly düşündirerdi» diýip, Rejep mugallym soň-soňlar hem ýatlardy.

Ata Täçmämmet neresse öýmüze kän gelerdi. Iň soňky gezek ol 8-nji mart güni ejemi gutlap eli gülli öýmüze geldi. Ejem oňa: «Saçak ýazylgy, oturda çaý-çörek iý, başga hiç ýere gitme!» diýdi.

«Duz dadaýyn, onsoň ýörejek, başga-da gutlamaly öýlerim bar» diýip gitdi. Şol günem ol ýolda ulag heläkçiligine uçrapdyr — diýip biraz dymdy. Şol pursat Bibi daýza-da gürrüňe goşulman durup bilmedi.  Ol:

— Wah-wah, nähili beýik-beýik sungat ussatlary öýmüze gelipdi. Her gün öýmüzde uly gazanda nahar gaýnap durmalydy. Sebäbi teleýaýlymda çykyş etmek üçin welaýatlardan ýazga gelenlerem: «Kösenmesinler» diýip Nazar öýmüze alyp gelerdi. Indi şol günleriň her bir pursaty ýatlama öwrüldi.

Aslynda Nazar bilen obadaş hem goňşudyk. 18 ýaşym dolan badyna onuň bilen durmuş gurduk. Şo mahal Nazar talypdy. Ol ýetim bolansoň özbaşdak öýem  ýokdy. Umumyýaşaýyş jaýynda ýaşaýardy. Gaýtarma bolup iki ýyl öýmüzde ýaşadym. Ahyry ejem Nazara: «Bolmasa kireýne jaýda ýaşaň, ýöne maşgalaňy alyp git» diýdi. Onsoň biz öňki soýuzyň zähmet gahrymany Orazberdi Myşşyýewleň howlusyndaky wagtlaýynça gurlan jaýda ýaşadyk. Ol jaýda-da eýesi pile almak üçin gurçuk tutýan ekenler. Jaýyň bir gapdaly bilen oňňut etdik. Soň 1961-nji ýylda şu oturan jaýymyzy satyn aldyk. Jaýyň bergisine kömek bolsun diýip, yzly-yzyna kürte bejerenim ýadymda. Kynçylykly günler geçip gidýän eken. Alty  gyzymyz, 24 agtygymyz bar. Birje oglumyzam boldy, gaýyn atamyň adyny dakypdyk, ýöne ýogalaýdy. Kyrk ýyla golaý gülçülik, bagçylyk edarasynda işledim. Paýtagtymyzyň köçelerinde gül oturtmadyk ýerlem az bolsa gerek. Üç gezek haly sylag berdiler. Häzir hormatly dynç alyşda otyryn. Şükür çagalarymyzyň ählisi öz saýlan ugurlaryndan bilim alyp dürli kärde işläp ýörler — diýip ýatlady.

Men ýene-de Akmuhammet Aşyrowyň makalasynyň dowamyny okamaga başladym:

«…Nazar bilen bile iş saparlara giderdik. Onuň ýakyn dostlarynyň biri polisiýanyň podpolkownigi Agaly Mämmedowdy. Nazar: «Ol entek otuzam ýaşanokdy. Iýenimiz-içenimiz aýry gidenok. Meňzeşje geýinýäs. Süýtdeş doganlaram bizçe gadyrly däldir» diýdi. Soň onuň bilen menem tanyşdyrdy. Söhbetdeş bolduk. Örän edepli, düşünjeli adamdy. Aýdym-sazdanam bir suwluk hakyny alana meňzeýär. Üç bolup kän tirkeşdik. Tanymal sungat ussatlarymyzyň konsertlerine bile giderdik. Nazar Aýnazarow bilen nirä gitsegem onuň gözlegi durmuş täzelikleri  hem täsinlikleridi. Ilki tanyş bolan ýyllarymyz ol Türkmen telewideniýesiniň Habarlar bölüminde işleýärdi. Gündelik täzelikleriň gözlegine gitmäge ýaltanmazdy. Her gün bir welaýatdan çykardy. Oba hojalygam, medeniýetem, sungatam onuň nazaryndan sypmazdy. Şonda biz oňa:

— Tüweleme, hemmesine ýetişýäň diýenimizde ol:

— Žurnalist diýilýän şeýle bolaýmaly — diýerdi. Onuň işdeş ýoldaşlaram özi ýaly işeňňir žurnalistlerdi. Olar bir-birleri bilen edil ýaryşýan ýaly işlärdiler. Ýetmişinji ýyllaryň ortalaryna ýetmän Nazar işläp ýören habarlar bölümine baş redaktor bellendi. Öň welaýatlara gidip ol ýerdäki täzelikleri ekrana taýýarlaýan bolsa, indi onuň daşyndan bölümiň işgärleriniň taýýarlan habarlaryny-da birin-birin gözden geçirmelidi. Nazar ol işleriň hemmesine ýetişerdi. Ol işden soň dynç almagy-da oňarýardy.

Sahy Jepbarow Nazar Aýnazarowy hasam gowy görerdi. Sebäbi Nazaryň kakasy Aýnazar komissar bilen ol Maryda polkownik Aga Ysmaýylowyň ýolbaşçylygyndaky atly polkda bile işläpdir. Sahy bagşy otuzynjy ýyllaryň başlarynda şol polkuň bagşysy bolupdyr. Şonuň üçin ol Nazary görende:

— Sen Nazar jan, kakaň Aýnazaryň agyn özi-dä. Seni görsem kakaňy gören ýaly bolýan — diýerdi» diýip ýazypdyr.

Nazar aganyň şahsy arhiwinde Berdi Soltannyýazowyň «Ýagşydan at galar» atly kitabyda bar. Kitabyň 36-37-nji sahypalarynda onuň kakasy Aýnazar Ýelliýew hakynda ýatlama ýerleşdirilipdir. Meni begendiren ýeri Gözel mugallym kakasyna degişli arhiw maglumatlary pugta saklapdyr. Ýazgylardaky ýatlamalary  okap il-gün Nazar aga ýöne ýerden «Janly ensiklopediýa» diýmändir. Haýsy bir makalany okasaň Nazar Aýnazarowdan öwrendim ýa-da Nazar Aýnazarow salgy berdi» diýen ýazgylara gabat gelmek bolýar. «Türkmen dili» gazetiniň 2008-nji ýylyň 8-nji ýanwar sanynda şahyr Allaýar Çüriýewiň «Bir gijede ýazylan goşgy» atly makalasy bar.

Bäherden etrabynyň Ýarajy obasyndan şol wagt 74 ýaşly Weli Kömek ogly hakda Nazar Aýnazarowdan eşidipdim. Onuň meşhur «Gökdepe mukamyna» ýanama aýdýan goşgusynyň taryhy bilen gyzyklanyp, biz birküç ýyllykda Ýarajy obasyna bardyk. «Ýaşuly sazanda, bagşy hem şahyr» diýilýän ýaşulynyň öýünde, çaý başynda söhbetdeş bolduk. Sonda çaý başynyň söhbeti «Gökdepe mukamyna» syrykdy.

— Goşgynyň döreýşi şeýle — diýip, Weli aga gürrüň berdi:

— Gökdepäniň basylyp alynmagynyň ýüz ýyllygyna taýýarlyk görlüp ýören döwürdi. Ine, şol günleriň birinde gijäniň ýarymynda, saňa ýalan, maňa çyn, biri aýagyma kakyp turzan ýaly tisginip oýanypdyryn. Elime galam alyp, goşgy setirlerini ýetişibildigimden kagyza geçirdim. Goşgynyň özi 36 bent, ýöne şonuň 30 bendini şo gije bir demde ýazdym. Galany bäş-üç gün geçenden soň ýazyldy. Şondan bärem ýaňy-ýaňylara çenli şo goşgyny «Mukama» goşup, dost-ýarlar bilen oturylyşyklarda ýa haýyş edenlerinde ýanama aýdýaryn…». Makalanyň gapdalynda şol goşgynyň ähli bendi ýerleşdirilipdir. Biraz okadymda geň galdym. «Bu goşgy uly hormat goýýan şahyrlarymyň biri Baýram Jütdiýewiň goşgusy ýaly-la» diýip awtoryna seretdim. «Weli KÖMEK ogly, Ýarajy obasy, 1982-nji ýyl» diýen ýazgy goýlupdyr.

Derrew kitap tekjämden Baýram aganyň maňa uly hormat bilen ýürek ýazgysyny ýazyp sowgat beren «Dogaýy diwan» kitabyny aldym-da gözden geçirdim. 1997-nji ýylda çap bolan bu kitabyň 456-njy sahypasyndaky «Gökdepe mukamyna» ýanama atly sekiz bent goşgyny gaýtadan okadym. Sözme-söz meňzeşli-gä ýok eken, ýöne barybir bir awtoryň goşgusy ýaly duýulýar. Onsoň ertesi Allaýar aganyň iş ýerine baryp Nazar aga hakynda bilýänlerini soradym. Ol:

— 1982-nji ýylda «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary wezipesinden, teleýaýlyma işe geçdim. Şonda Nazar Aýnazarow bilen bile işledik. Ol gaty arassa ýürekli, halal, gönümel häsiýetli adamdy. Ol meni kän tanymal adamlar bilen tanyşdyrdy — diýip gürrüň bermäge başlady. Men oňa «Türkmen dili» gazetinde çap bolan makalasyny okandygymy, hemem «Gökdepe mukamy» atly goşgy hakynda pikirimi aýtdym. «Ol goşgy hakykatdanam, Weli aganyň goşgusy. Sebäbi ol goşgyny öňem türkiýedäki neşirleň birinde ýazyjy Oraz Ýagmyr neşir eden eken. Sen şu ýerde Nazar aganyň arassa ýürekli adamdygyny ýöne, juda gönümel häsiýetini açdyň. Şol goşgyny Weli aga ilki Ilmyrat Pudakow, Baýram Jütdiýew, Nazar aga dagy bolup bile oturanlarynda okap berýär. Soňra Baýram aganyň goşgusy çap bolansoň, Nazar aga oňa: «Sen bir goşgy ýazyp bilmän ýören adam däl, uly şahyr. Edil beýdäýmeli däl ekeniň» diýip ýüzüne aýdýar, ýogsa olar bile tirkeşip ýören ildeş adamlar» diýip gürrüň berdi. Garaz, Nazar Aýnazarow hakynda ýatlama kän, jaýy jennet bolsun! Başardygymdan her bir pursatyň mysalynda onuň häsiýet aýratynlyklaryny tapawutlandyrmak üçin yhlas etdim. Okyjylaryň göwnünden turar diýip umyt edýärin.

Akgül Saparowa.

Ýene-de okaň

Döwletgeldi Annamyradow: ýene hoş habar aýdar öýtdüm

Ata Watan Eserleri

Ilkinji türkmen zenan mugallymy

Ata Watan Eserleri

Öwezdurdy Nuryýew: okatmadyk bolsa-da mugallymym

Ata Watan Eserleri

Tirkiş Jumageldiýew: öwrenmek üçin okamaly

Ata Watan Eserleri

Ogulbaýram Kulyýewa: Diýar gözelliginiň aýdymçysy

Ata Watan Eserleri

Amangeldi Amanow: uçgunjyk bar jigimde…        

Ata Watan Eserleri