ATAWATAN ESERLERİ

Bir gülüň yşgynda

(Hekaýa)

  Güller… Güller… Bu gün baharyň ýyly demi düşen topragyň goýnunda olar näçe diýseň bar. Sarysy gerekmi, gyzyly — isläniň tapdyrar. Ýöne etjek bolýan gürrüňim bu hakda däl-de, kalbymyň töründe açylan «gül» barada. Ony ne-hä baýyrlyga çykyp tapyp bolýar, ne-de sähra-düzden. Ol meniň ýüregimde, öňküsinden düýpgöter üýtgän, kä çyrpynýan derýa, kä giňliginden aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ummana dönen kalbymda ýaşaýar. Siz o nähili beýle üýtgeşik gülmüş diýersiňiz. Gürrüň bereýin, siz diňleseňiz bolýar, şahyr aýtmyşlaýyn, daňa çenli gürrüň bermäge taýyn. Diňe Leýlä Mejnunyň gözi bilen bakmagy başarsaňyz bolýar. Bagyşlaň, gep uzaldýanyma. Ýara garaşmak süýjümi ýa-da duşuşmak?! Muňa anyk jogap berip biljek aşyk, megerem, ýokdur. Menem sözümi uzaldyp, ol hakdaky söhbedimiň şirin lezzetini uzaldýaryn…

Baharyň bir günüdi. Erikler hem göwünler ýaly pyntygyny ýaryp, läle-reýhan bolup gülläpdi. Aslynda, gül gülmi, men gülmi, saýgarmak kyndy. Ejemiň doglan gününe alan sowgadymyň ýanyna gülem goşasym geldi. Ejedir, gülden eziz görüp ulaldan oglunyň sowgat getiren gülüniň ýöne bir gül däl-de, ýüregidigini biler. Gül satylýan ýere bardym. Gülleriň dürlüliginden, gözelliginden başym aýlanyp gitdi.

Şol gülleriň arasynda bir «güli» görüp, göýä dünýämde ýyldyrym çakan ýaly boldy. Onuň bägülüň höwes etjek gyrmyzy ýaňaklary, gülüň reňkine çalymdaş dodaklary… Bägülüň tikenem ýanynda ekeni, hanjar gözleri ýüregime ot bolup ýapyşdy. Özüm başga bir, maňa nätanyş dünýede bolsamam, haýran galaýmaly, aýaklarym Ýere degip dur. Gül almaga baranym ýadymdan çykyp gitdi. Birden özüme geldim. Dilime gelenem:

— Beýle-de bir owadan gül bolar eken-aý —  boldy. Gyzam gözüni güldürip:

— Biri-birinden owadandyr —  diýip, çalaja ýylgyrdy.

Şol pursatky halymy siz bir bilsediňiz. Ýazyň üýtgeşik günleriniň birinde hem Gün çykyp durandyr, hem ýagyş ýagar, hem älemgoşar reňklerini güjeňlär. Muňa «ak ýagyş» diýýärler. Şol pursat, meger, meniňem dünýämde älemgoşar halkalanyp, kalbymda «ak ýagyş» ýagýardy. Men:

— Bu gülleriň eýese ýokmuka? —  diýdim.

— Eýesi men-dä.

Gyzyň bu sözlerine ogurlykda tutulan ýaly gyzaryp gitdim. Hakykatdan hem, o gyzyň gülleriň eýesidigini bilmezlik mümkinem däl eken. Aljyrap, sakawlap:

— Ejeme sowgat edäýjekdim, doglan gününe… —  diýdim.

— Ejeňemi? —  ol süýem barmagyny dişledi-de, gül saýlamaga durdy. Oňa mähetdel, men onuň pikire çümen mahalynyň neneňsi gözelligini synlap ýetişdim.

— Bu ejeňe ýararmyka? —  ol şeýle diýip, gujak ýaly çemeni elime tutdurdy.

— Sen hem bir enäniň «güli»… Seniň saýlan gülleriň, hökman eneleriň göwnüne ýarar, ynan, hökman ýarar!

Beýle dogumyň nireden gelenini bilemok, birdenkä dilime gelen söz hem şu boldy:

— Siziň adyňyz näme?

Bu gezek gyz gyzardy. Gyza utanjynyň nähili görk berenini aýdara dilim ejiz. Megerem, dünýäniň iň gymmat lagly-merjenini daksaňam, oňa beýle täsin görk bermezdi. Ol gabagyny galdyrman:

— Täzegül! —  diýdi-de, işine gümra bolan boldy.

Täzegül! Eý, Hudaý, munuň gabat gelşini. Gül içinde açylan, gülden görkli, näzik Täzegül. Ýüregimde dörän täsin duýgulardan aýňalyp, özüme gelemde, ol eýýäm başga birine gül berip duran eken. Elim çemenli aňalyp durmagy gelşiksiz görüp, öz ýoluma ýöräp ugranymam şoldy welin, mylaýym sese tisginip gitdim. Seretsem, ol gyz ýetip gelýär.

— Bagyşlaň, gülleriň bahasyny tölejek dälmisiňiz?

Utanjyma näderimi bilmedim. Hernä bermeli pulum tegelek san eken. Sanap bermeli bolsam-a masgara bolýardym. Gyz ýylgyryp, gülüň nyrhyny aldy. Öýe ýetýänçäm, aňkawlygyma käýinip gitdim. Ýöne Täzegülüň hünji dişleriniň astyndan çykan:

— Gelip duruň! —  diýen sözleri maňa uly güýç beripdi.

Ertesi ýene geldim. Soňabaka gatnawymy hasam ýygjamlatdym. Her gezek onuň «Gelip duruňyny» eşitmek diýseň ýakymlydy. Gatnadygymça öýümizde gül köpelýärdi. Ejem:

— Doglan günüm geç-dä, oglum! Sen bolsa henizem gül getirip ýörsüň —  diýip, köp manyly gülümsiredi.

— Eje, bu dünýä getireniň üçin, ösdürip ulaldanyň üçin size näçe gül sowgat etsemem ýene az dälmi?!

Ene ýaly duýgur zat barmyka, ol:

— «Ejemem bir sebäpdir, Güle aşyk boldum» diýsene —  diýip, ýüzüme mähirli garady. Tas «Gül däl, Täzegül» diýipdim. Utanyp ýere bakdym.

Bir günem:

— Täzegül, şu gün maňa iň gymmat, iň owadan gülleriňden saýlasana —  diýdim. Täzegül bir ýakymsyz zady aňan ýaly:

— Gowy görýän gyzyňamy? – diýdi.

Men:

— Hawa, bildiň —  diýip ýylgyramda, ol çala titreýän barmaklary bilen zordan bir çemen bogup, maňa uzatdy. Haçanda:

— Bu güller saňa, Täzegül! —  diýip, onuň bogan çemenini yzyna uzadanymda, şol ýüregimde «ak ýagyş» ýagdyran ýylgyryşy bilen ýylgyrdy, aljyrady. Öz duýgularyny hem gizlejek boldy, hem gizläsi gelmedi. Soň enaýy ýylgyryp, çemeni yzyna aldy. Ony nirede goýjagyny bilmän durşuna, çalaja:

— Sag bol! —  diýdi…

Güller… Güller… Olar maňa söýgimi peşgeş berdi. Diňe söýgimi däl, tutuş täze ömri berdi. Onda-da nähili ömür – güle bürenen ömür. Şonuň üçin olar ýüregime şeýle bir ýakyn, şeýle bir…

Goçmyrat Orazberdiýew,

Watan”  radioýaýlymynyň  «Ylham» bölüminiň jogapkär kätibi.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi :RedMi 7A Size garaşýar!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri