SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Bill Geýtsden täze pandemiýa barada…

“Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts adamzadyň ýene-de ýakyn 20 ýyldan 50 göterim ähtimallyk bilen täze pandemiýa bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini belledi. Ol bu barada Ispaniýanyň “El Diario” gazetinde beren interwýusynda belläp geçdi.

– Biziň bilýän wirusymyzdan döräp biler. Dümewiň bir görnüşi, koronawirusyň başga görnüşi bolup biler – diýip, belledi.

Şeýle hem ol tebigatdan çykýan bir zat bolup biljekdigini belledi. Geýts: “Adam sany köpelýär we biz täze ekosistemalara hüjüm edýäris. Şonuň üçin ýakyn 20 ýylda howanyň üýtgemegi sebäpli tebigy bir pandemiýa duçar bolmagymyzyň 50% mümkinçiligini hasapladym” -diýip, belläp geçdi.

Pandemiýa garşy göreşmek üçin telekeçi “global epidemiýa garşy göreş we mobilizasiýa toparyny” döretmegi teklip edýär. “Meniň teklip edýän zadym, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň býujetiniň 25% ýokarlandyrylmagyny talap eder we şonuň bilen birlikde dürli kärdäki 3000 töweregi adamdan ybarat topar bolar” -diýdi.

Maýmyn mama keseli barada hem durup geçen Geýts bu keseliň täze uly pandemiýany döretjekdigine ynanmaýandygyny belledi.

Telekeçi özüni seýrek duş gelýän keselleriň ýaýramagynyň biynjalyk edýändigini belledi.

 

30-njy maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkiýe 2025-nji ýylda syýahatçylykdan 64 milliard dollar girdejä garaşýar

Azerbaýjanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Moskwa rejeli gatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär

XII Türkmen-german forumy geçiriler

Tramp Amerikada ýaşamak üçin “altyn kart” wizasyny hödürleýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalary Eýrandaky syýahatçylyk duşuşygyna gatnaşdylar

Ata Watan Eserleri