SIZDEN GELENLER

Bilimler güni – bagtýarlygyň açary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillere berilýän bilime üns has-da güýçlenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlary Watanymyzyň altyn geljegi hasaplap, olar üçin dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen, döwrebap ülňülerde gurlan mekdepleri, ähli şertleri bolan sport, dynç alyş, saglygy dikeldiş merkezlerini gurup berýär. Ýaşlaryň okap, bilim almagy üçin okuw kitaplarydyr gollanmalar yzygiderli neşir edilýär. Dünýäniň ösen tejribesini ele alan mugallymlar ýaşlarymyza bilim berýärler.

Ynha, ýurdumyzda täze okuw ýyly başlandy. Täze okuw ýylynyň başlanýan güni uly şatlyk-şagalaňa beslendi. Ine, şol harby okuwçylaryň hem durmuşynda ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze, ak mermerli binalar toplumy açylyup ulanmaga berildi. Mälim bolşy ýaly, bu toplumyň düýbüni tutmak dabarasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda — Watan goragçylarynyň gününde geçirilipdi.

Şeýle hem asylly däbe görä, täze okuw ýylynyň ilkinji güni Garaşsyzlyk binasyna we Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärliklerine gül goýmak bilen başlandy.

Döwletiň durnukly we sazlaşykly ösüşi ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Täze taryhy döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň çäklerinde milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, her ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň bellenilmegi, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bilim ulgamyna degişli binalardyr desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi bu ulgamy ösdürmeklige döwlet derejesinde berilýän ünsüň örän ýokarydygyny nobatdaky gezek äşgär edýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Bilim arkaly beýik geljek gurulýar» diýmek bilen, ylym-bilime, sungata höwesek ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýär. Özleri üçin edilýän aladalardan ruhlanyp, ýaşlar döwlet bäsleşiklerinde hem, halkara bäsleşiklerinde hem üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýynyň dünýä derejesinde dabaralanmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde bilim ulgamynyň döwrebap ösüşiniň üpjün edilmegi göz öňünde tutulýar. Geçen ýyllarda kabul edilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenmäge mynasypdyr.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem bilim ulgamyna halkara tejribeleri ornaşdyrmak işleri üstünlikli dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararlary bilen, Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnamanyň hem-de «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserinde: «Bilim arkaly beýik geljek gurulýar» diýip, ýurdumyzyň bilim ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmekde amala aşyrylýan uly işleriň ähmiýetini nygtaýar. Hakykatdan-da, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim bermegiň hilini dünýä ülňülerine laýyk getirmek, okatmagyň usulyýetini has-da kämilleşdirmek, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär.  Ýaşlarymyza ýurdumyzyň we dünýäniň iň kämil ýokary okuw mekdeplerinde hünär öwrenmekleri üçin döredilýän oňaýly şertler hem munuň aýdyň mysalydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir. Toplanan ylym-bilim tejribeleriniň netijeleri seljerilip, şolar esasynda XXI asyrda durnukly ýaşaýşy üpjün etmegiň taglymatynyň döredilmegi möhümdir. Şonda adamyň ukyplary, zehini, mümkinçilikleri babatynda oýlanyşykly çemeleşmek gerek» diýip, ýaşlara mynasyp bilim-terbiýe bermegiň ähmiýetini nesihat edýär.

Bilşimiz ýaly, 2021-nji ýylyň iýunynda rejelenen görnüşde  kabul edilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny döwletimizde bilim gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny has kämilleşdirdi. Munuň özi ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň  pudaklarynda sanly ulgamyň netijeli ornaşdyrylmagyny, bilimiň, ylmyň we önümçiligiň bitewi ulgamynyň kemala gelmegini üpjün etdi.

Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda jaň sesleri belentden ýaňlandy. Şol gün Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda çagalar baglary hem-de orta mekdepler dabaraly açyldy. Ähli derejedäki bilim edaralarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar astynda dabaraly baýramçylyk nyzamy, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň gerimli işleriniň many-mazmunyna we ähmiýetine bagyşlanan okuw sapaklary geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyjy bilen, mekdebe ilkinji gezek gadam basýan çagalara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek ajaýyp däbe öwrüldi hem-de bu asylly ýörelge hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň abadançylygynyň iň oňat görkezijisidir. 2024-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda mekdeplerde 1-nji synpa baran, mekdep durmuşyna ilkinji gadamlaryny basan 155 müň 641 çaga hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan «Bilimli» atly kompýuteri sowgat aldylar.

 Bizi bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys. Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun!

Gadam ORAZBERDIÝEW, 
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Harby lukmançylyk fakultetiniň 6-njy ýyl talyby.

Ýene-de okaň

«Hakyda göwheri» – gymmatly hazyna

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany