SIZDEN GELENLER

Bilimde innowasion ösüşler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar öz oňyn netijesini berýär. Munuň özi gurmak we döretmek, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşandyny goşmak hyjuwy bilen ruhlanýan ýaşlaryň geljekki üstünliklerine badalga bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmeleriniň netijesinde orta we ýokary okuw mekdepleriniň ençemesi döredildi, ozal bar bolanlarynyň täze binalary guruldy. Ýurdumyz taryhy wakalara beslenýär, belent maksatlar rowaçlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özboluşly aýratynlygy ylym-bilim ulgamynyň has oýlanyşykly ösdürilmeginde, ykdysady kuwwatyň ylmy taýdan esaslandyrylyp, netijeli ulanylmagynda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagynda we beýleki ulgamlaryň işiniň kämilleşdirilmeginde aýdyň duýulýar.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 24-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda taryhy waka öwrüldi.

«Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda bilim işini halkara ölçeglerine laýyk kämilleşdirmäge badalga berildi, ýurdumyzda döwrebap bilim edaralarynyň geljekde hem gurulmagy, ylmyň we innowasiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça tehnologiýalar merkezleriniň döredilmegi, şeýle-de dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň sanawyna girýän bilelikdäki ýokary okuw mekdeplerini ýa-da olaryň şahamçalaryny açylmagy  üçin dürli işleri geçirilýär.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda bilim ulgamynda bolup geçýän täzelikleriň bilim işgärlerini örän begendirýändigini aýratyn bellesim gelýär. Şanly ýylyň 25-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanandygyny bellemek ýakymlydyr.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda bilim syýasatynyň esasy wezipesi bilimiň fundamentallygyny saklamagyň esasynda onuň häzirki zaman hilini we şahsyýetiň, jemgyýetiň geljekki isleglerini üpjün etmekdir. Bu wezipeleri çözmekde esasy orun milli bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna degişlidir. Häzirki zaman şertlerinde okuw hadysasyna innowasiýalary ornaşdyrmaklyga bilim ulgamyny täzelemegiň wajyp serişdesi hökmünde garalýar. Innowasion işleriň esasy maksady okuw hadysasynda täze tehnologiýalary, usullary, okuw işleriniň görnüşlerini we tärlerini peýdalanmak arkaly okatmagyň hilini has-da ýokarlandyrmakdyr.

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylmy has-da ösdürmäge, innowasion tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar önümçilige, bilim ulgamyna güýçli depginde ornaşdyrylýar. Bu gün eziz Diýarymyzda ýaşlar bilimleri ele almakda, ösen tehnikalara erk etmekde, ylmy gözleglerde öň hatarlarda bolmakda yhlaslylyk, erjellik görkezýärler. Döwlet we halkara derejelerinde geçirilýän taslama, ylmy bäsleşiklerde, olimpiadalarda ýaşlarymyzyň ýokary netijeleri görkezmekleri häzirki zaman dünýäsiniň ösen talaplaryna laýyklykda özleriniň bilim başarnyklaryny üstünlikli durmuşa ornaşdyrýandyklarynyň aýdyň subutnamasydyr.

XXI asyrda adamzadyň durmuşyna informatika, kompýuter we kompýuter tehnologiýalary, internet we internet tehnologiýalary erişargaç bolup aralaşdy. Ynsan maglumatlary, informasiýalary toplamak, olardan belli bir netije çykarmak işi bilen medeniýetli ýaşaýşyň bütin dowamynda iş salyşyp geldi. Bu işde kompýuterleriň giňden ulanylyp başlanmagy, adamlaryň ýaşaýşynda çözgüdi kabul etmegiň
çaltlanmagyna, netijede sosial-ykdysady durmuşyň ýokarlanmagyna, tehnikanyň we tehnologiýalaryň kämilleşmegine alyp geldi. 1985-nji ýylda orta mekdeplere „Informatikanyň we hasaplaýyş
tehnikasynyň esaslary “ dersiň girizilmegi bilen pedagogika ylmynyň täze pudagy-informatikany okatmagyň usulyýeti kemala geldi.

Informatikany okatmaklygy öwrenmek ähli derejelerde: çagalar bagynda, mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde we informatikany özbaşdak öwrenenlerinde alnyp barylmalydyr. Bu derejeleriň her biri
pedagogika ylmynyň öňünde täze wezipeleri goýýar.

Şeýlelikde ileri tutulýan ugurlaryň we ylmy gözlegleriň meseleleriniň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ylmynyň ösüşine, innowasiýa amallarynyň çaltlaşdyrylmagyna, önümçiligi tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmagyň hasabyna içerki jemi önümiň artmagyna, önümleriň we tehnologiýalaryň düýpgöter täze görnüşleriniň özleşdirilmegine ýardam berer.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň, maglumatlar tehnologiýalarynyň, ösen telekommunikasiýa torlarynyň, internetde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, elektron resminama dolanyşygy ýaly ulgamlaryň ýokary derejede gurnalmagy kämil bilimli milli hünärmenleriň ýetişdirilmegini talap edýär. Hormatly Prezidentimiz ylmyň täze ugurlary boýunça hünärmenleriň neslini kemala getirmek üçin amatly şertleri döretmäge uly ünsi gönükdirýär.

Dünýä hojalygynda öňdebaryjy orunlary eýelemek diňe ykdysadyýeti sanly ugra, innowasiýalara esaslanýan ýurtlara başardýandygyna bu gün dünýä tejribesi şaýatlyk edýär. Ýaşlaryň arasynda sanly ulgamyň dürli ugurlaryna bolan gyzyklanma barha artýar. Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösüşiň täze derejelerine çykarýan, bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam edýän hormatly Prezidentimiziň tutumly işleri rowaçlyklara eýe bolsun!

Ejegyz Bazarowa,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

amaly matematika we informatika kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika