JEMGYÝET

Beýik Britaniýa Türkmenistana hoşallyk bildirdi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Birleşen Patyşalygyň Ýewropa, Demirgazyk Amerika we deňziň aňyrsyndaky ýurtlar boýunça döwlet ministri Stiwen Dautiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda britan tarapy Türkmenistana Ýakyn Gündogardaky emele gelen kyn ýagdaý zerarly Birleşen Patyşalygynyň raýatlarynyň Eýrandan çykmagyna beren ýardamy üçin hoşallyk bildirdi.

Bu ädimiň Türkmenistanyň ynsanperwer ýörelgelerine ygrarlydygyny ýene bir gezek görkezýändigi bellendi.

Mundan başga-da, taraplar syýasy, diplomatik we söwda-ykdysady ugurlarda Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine garadylar.

Hususan-da, şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň geljegine maýa goýum” (IFT-2025) atly hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça foruma Beýik Britaniýanyň hususy pudagynyň wekilleriniň gatnaşmagynyň netijeliligi bellendi.

Diplomatlar sebit meselelerini, üstümizdäki ýylyň ikinji ýarymynda meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gepleşikleri alyp barmagyň ähmiýeti nygtaldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda britan tarapy Türkmenistana Birleşen Patyşalygyň raýatlaryna berlen ynsanperwer kömegi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Ýene-de okaň

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Beýkent uniwersitetinde türkmen ýaşlary üçin täze mümkinçilikler!  

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýda dostlukly saparda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri