TESWIRLER

Beýik Birıibaryň Täze Buýrugy !

Kimdir biri getirdi sarsgyn turuzan bu habary… Soňra-da derrew gözden ýitdi. Her kim iňkise batdy. Her kim garabaşyna gaý. Öz aladasy özüne ýetik… Be-eý, beýle-de boljak ekeni…Öz-ä birhili geňräk ýaly…

Kyrk gün möhlet bilen bu perman geljek,

Bütin ölenleriň bary direljek.

Gum-guklukda galmaz ýaly o dünýä-

Ölenleň ýerini diriler aljak…

 

“Deňlik üçin beýle perman hut derkar”,

“Kim tapanam bolsa, mälim ol murdar”.

Her kim bir zat diýdi, käbiri susdy.

Haýran galan az däl: “Hany, ber karar!”

 

Bary-ýogy kyrk gün jydasa bor-la!

Ýygnanlarym şonça günüm görer-le!

Onsoňam soňuny görüp gelen ýok,

Taňryň özi muň yzynda durar-la!

 

“Seň tapýanyň näme, eý keçetelpek?!

Ertir toýum, bu gün ýapýarys çelpek,

Gaýtmyşym et, toba bilen tagsyr diý!

Täze öýlenjege salmawer külpet!”

 

Ýaşuly-ha diýdi: “Taýýar kepenim”,

Awçy aýtdy: “Wah, barlaýsam gapanym!”

Täze başlyk gazap atyna münýär:

“Gözüni çekseň, şu hokgany tapanyň.”

 

Alym aýtdy, doktorlyga maý ýokdy,

Wah, nädeýin ýeser ýerde gaý gopdy.

Belki, o dünýäde oňat goraryn –

Özüne göräje çykalga tapdy.

 

Maşyn alan goňşym ýaýkaýar kelle,

“At arkasyn görmedim men şu pille-

Buýrugy bir aýjyk aňry süýşüren,

Ýamanlyk ýüzüni görmez hiç, walla!”

 

 

Talybam zeýrendi, boljak uçurym,

Taňrym, özüň edewer bir geçirim.

Diplomum alaýyn, iş jähennem-le,

Kyrk günden soň, bir dukanjyk açaryn.

 

Dostum diýdi: “Jaý nobatym üç günden,

Epeýje pul gitdi, baram öňünden.

Kim hözirin görer bäş gatly jaýyň,

Buýruk bolaýarmy, diýşi dek çyndan!”

 

Ýediden ýetmişe bir tut-ha-baslyk-

Kyrk güne çydamsyz, ýüzleri asyk.

Her kim aladaly, gitmek islänok –

Bary bir galypda- kibitleri gysyk.

 

Şeýle bir sussupes,dünýeden geçen,

Kimi şerap, kimi akmämmet içen,

Barynda ejizlik, merdemsilik ýok,

Ýüzi ak esgi dek nurlary göçen.

 

 

Buýruga boguldy, barysy lam-jim,

Döşüne kakýanlaň agyzlary mum.

Eý Biribar üýtgedewer äheňi,

Danalaram dymýar misli bir salgym.

 

Buýruk güni geldi, hiç kim ýok daşda,

Daşary gum-gukluk uçanok guş-da…

Sagadymyň sesi – gutardy bary-

Soňy soraglyja süýjüje düýş-de…

Ýene-de okaň

Gyzyl ýaglykly gyzjagaz we möjek ertekisini möjekden diňläliň!

Heykellere tans oýnatmak: etikanyň çäkleri we emeli intellektiň orny

Çagalara “TikTok” gadagan etmelimi?

Jeýhun bahry joşup Gürgene aksyn

14 möjek nähili 94 milliard dollarlyk bähbit emele getirdi?

Ata Watan Eserleri

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”