Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde “Altyn pökgi-2022” baýragynyň ýeňijisi mälim edildi. Bu abraýly baýraga ilkinji gezek Fransiýanyň milli ýygynsynyň we “Real Madrid” toparynyň hüjümçisi Karim Benzema mynasyp boldy.
34 ýaşyndaky futbolçy Benzema geçen ýyl “Real Madrid” bile 5-nji gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi hem-de Ispaniýanyň 4-nji gezek çempiony bolupdy.
Şeýle hem ol Çempionlar ligasynda 12 duşuşykda 15 gol geçirip, iň köp gol geçiren futbolçy boldy.
Ilkinji gezek “Altyn pökgi” ýa-da “Ballon d’or” baýragyna ilkinji gezek mynasyp bolan Benzema bu baýragy mynasyp bolan 5-nji fransuz futbolçy boldy.
Mundan ozal, 1958-nji ýylda Raýmon Kopa, 1983-nji we 1985-nji ýyllarda Mişel Platini, 1991-nji ýylda Žan-Pýer Papen we 1998-nji ýylda Zinedin Zidan bu baýraga mynasyp bolupdy.
24 ýyldan soňra “Altyn pökgi” baýragy öz watanyna dolanyp geldi.
Şeýle hem “Barselona” toparynyň ýarymgoragçysy Gawi – iň ýaş futbolçy, Robert Lewandowski iň gowy hüjümçi, “Bawariýa” toparynyň futbolçysy Sadio Mane Sokrates adyndaky baýragyň eýesi, “Real Madrid” toparynyň derwezebany Lew Ýaşin adyndaky baýraga mynasyp boldy.
“Mançester Siti” topary bolsa möwsümiň iň gowy topary baýragynyň eýesi boldy.
Bu baýragy iň köp, ýagny 7 gezek Lionel Messi gazandy. 2021-nji ýylda hem bu baýraga Messi mynasyp bolupdy.