SIZDEN GELENLER

Belentde tutulýan zenan sarpasy

Halkara zenanlar gününiň dabaralarynyň giňden ýaýbaňlandyrylan günlerinde ýurdumyzda zenanlara goýulýan belent sarpany aýdyň görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda türkmen zenanlary eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar.

Talyp gyzlar hökmünde biz hem milli Liderimize özümiziň çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris. Ähli jemgyýetçilik guramalary, edaradyr kärhanalar bilen bir hatarda ýokary okuw mekdeplerinde hem Halkara zenanlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Milli Liderimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, çagalar baglaryna gatnaýan gyzjagazlardan başlap, ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuwçy we talyp gyzlar, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda zähmet çekýän dürli kärdäki zenanlar, hormatly dynç alyşdaky eneler bir gezeklik 60 manatlyk pul sowgady bilen sylaglanylýar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň bahar paslynyň ilkinji gününde giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli “Talyp gözeli – 2022” atly gözellik bäsleşiginiň hem-de «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemleri jemlendi.

Mähriban Prezidentimiziň «Watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepadarlyk, pähim-paýhas, salyhatlylyk, çeper el hünäri biziň enelerimiziň hem-de gelin-gyzlarymyzyň adyny we mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip gelýän milli häsiýetlerdir. Häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň bu asylly häsiýetleri ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasyna öwrülip, tug ýaly belentde pasyrdaýar» diýen ajaýyp sözlerini özüni ýol ýörelge edinen enelerimiz, gelin-gyzlarymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar.

Döwlet Baştutanymyz zenanlar, olaryň durmuş derejesini berkitmek, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, gender deňligini üpjün etmek baradaky aladany ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitledi. Bu ugurda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, eneligi we çagalygy goramaga gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek, köp çagaly maşgalalara durmuş goldawyny bermek boýunça alnyp barylýan işler munuň aýdyň beýanydyr.

Şonuň netijesinde, her ýyl Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda milli Liderimiz tarapyndan 8 we şondan köp çagany dünýä indiren enelerimizi hormatlamak we sarpalamak maksady bilen «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permana gol çekilýär. Enelerimiz hormatlanyp, olara döwrebap öýler sowgat edilýär.

Ine, şeýle ajaýyp döwürde ýaşaýan enelerimiz we aýal-gyzlar milli Liderimiziň berýän ýadawsyz goldawlaryna jogap edip, öz ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman Watanymyzyň ösüşine öz mynasyp goşandyny goşýarlar.

Nurana Begmatowa,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we
dolandyrylyşy fakultetiniň talyby,
“Türkmenistanyň Prezidentiniň talyp hakynyň” eýesi.

 

Elektrikli awtoulag önümçiliginde hyzmatdaş boldy

Ýene-de okaň

Saglygymyz özümize bagly

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri