SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Belarusyň «Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenbaşy şäheri bilen Minsk şäheriniň arasyndaky uçuşlaryň sanyny artdyrýar.

Kompaniýanyň Metbugat gullugynyň habaryna görä, 23-nji noýabrdan «Belawiýanyň» uçary Minsk — Türkmenbaşy ugrunda hepdede iki gezek, ýagny sişenbe we şenbe günlerinde uçuşlary amala aşyrar.

Iş tertibine görä, şenbe güni uçar Minskden sagat 9:30-da uçup, ýerli wagt bilen 15:35-de Türkmenbaşy şäherine geler.

Sişenbe güni uçar Belarusyň paýtagtyndan 22:45-de ugur alar we ertesi gün 04:50-de Türkmenbaşy şäherine geler.

Uçuşlar «Embraer-195» uçarynda amala aşyrylar we uçuşyň dowamlylygy 4 sagat 5 minut bolar.

Ýolagçylar petekleriň bahasy barada howa gatnawçysynyň resmi web sahypasyndan maglumat alyp bilerler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy