TEHNOLOGIÝA

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli doly hukukly raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär diýip, Belarus lideriniň administrasiýasynyň ýolbaşçysy Dmitriý Krutoý mälim etdi.

“Russiýanyň ähli esasy awiasiýa zawodlary bilen gowy gurnalan gatnaşyklar bar, şol sanda biziň Baranowiçidäki 508-nji zawodymyzda, Minsk raýat awiasiýa zawodynda we Orşa awiasiýa zawodynda netiteli işler alnyp barylýar. Bular biziň uly awiasiýa üçlügimiz. Abatlamakdan doly önümçilik hyzmatdaşlygyna geçmek esasy maksatdyr” diýip, Krutoý teleýaýlyma beren beýanatynda belledi.

Onuň aýtmagyna görä, “Belarus awiasiýa meýilnamasynyň iň ýokary maksady 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçarynyň döredilmegi bolar. Uly iş ýaýbaňlandyryldy, bu iş dowam edýär” diýip, Krutoý habar berdi.

Prezident administrasiýasynyň ýolbaşçysy ýurduň awiasiýa pudagynyň öňünde abatlaýyş işlerini geçirmekden doly hyzmatdaşlyga geçmek meselesiniň durýandygyny belledi.

Ýene-de okaň

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar