SIZDEN GELENLER

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ahalteke atlary türkmen halkynyň milli guwanjydyr. Olar arassaganlylygy, duýgurlygy, gujurlylygy, gözelligi, ýüwrükligi, çydamlylygy bilen ykrar edilendir. Behişdi bedewlerimiziň abraýy häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen örän belende göterildi, olar barada edilýän aladalar has-da artdy. Türkmen halkynyň bedew ata sarpasy döwlet syýasatymyzda has aýdyň şöhlelenýär. Munuň şeýledigine 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmeginden-de göz ýetirmek bolýar. Has nygtasak, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de Milli Liderimiziň asylly başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek we milli atşynaslygyň däplerini dünýä ýaýmak, şol sanda ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär

Halkymyzyň durmuşyny behişdi bedewlerden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Pederlerimizden miras galan nakyllarda, atalar sözlerinde bu öz beýanyny tapýar. Hususan-da, «At agynan ýerde toý bolar», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «At — myrat», «At bady bilen, ogul ady bilen» diýen pähimlerde behişdi bedewler bilen ynsanyň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklar, atyň adamzat durmuşyndaky orny, paýy aýdyňlygy bilen şöhlelenýär.

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ahalteke bedewlerimiziň sanyny artdyrmak, olaryň tohum arassalygyny gorap saklamak, atçylyk sportuny, milli atşynaslyk däplerini giňden wagyz etmek boýunça köp işler edilýär. Şu asylly maksatlardan ugur alnyp, paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda atçylyk-sport toplumlary, döwrebap aýlawlar guruldy. Aýlawlarda ýaz we güýz möwsümlerinde at çapyşyklary yzygiderli guralyp, ýeňijilere sylag-serpaýlar ýapylýar. Bedewlerimiziň dünýä ýüzünde hem şan-şöhraty belende göterilýär. 2023-nji ýylyň dekabr aýynda Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu bolsa behişdi bedewlerimiziň we milli atşynaslyk däplerimiziň dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylymyzyň ilkinji günleri halkymyza şatlykly pursatlary eçilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyza sirk sungatyna uly goşandy üçin halkara şahadatnamalary gowşuryldy. Şeýle belent at-dereje türkmen bedewleriniň deňsiz-taýsyz gözelligine, düşbüligine, ýyndamlygyna dünýä möçberinde uly baha berilýändigine güwä geçýär.

Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň «At — myrat» okuw merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 1 million 500 müň manat sowgat bermegi, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň kabul eden çözgüdi esasynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna 3 million manat pul serişdesiniň we toparyň agzalarynyň her birine nepislik bilen ýasalan at eýerleriniň serpaý berilmegi, ýurdumyzda ussat seýisleriň, atşynaslaryň hem-de çapyksuwarlaryň zähmetine döwlet derejesinde goýulýan sarpanyň, bu ugurda zehinli ýaş hünärmenleri ýetişdirmäge berilýän uly ünsüň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi.

Ýeri gelende bellesek, üstümizdäki şanly ýylda Türkmenistanyň GDA gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda «Bedew bady: güýç hem gözellik» ady bilen telewizion filmleriň döwletara bäsleşigini yglan etmegi, dostlukly halklaryň arasynda medeni-taryhy, ynsanperwer we sport gatnaşyklaryny ösdürmekde, şeýle-de atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Guwanç bilen bellesek, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda dörediljek çeper we sungat eserleriniň ylham çeşmesi Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly kitaplarydyr. Çünki Milli Liderimiz bu kitaplarda ahalteke atlarynyň genetiki mümkinçiliklerini açyp görkezmek bilen birlikde türkmen halky bilen onuň wepaly ýoldaşynyň arasyndaky aýrylmaz baglanyşygyň filosofiýasyny hem beýan edýär.

Goý, ahalteke bedewiniň bady bilen eziz Watanymyzyň ösüşleriniň täze belentliklerini nazarlap, halkymyzy döwletli döwrana ýetirip, adamzat bähbitli asylly başlangyçlaryň sakasynda duran Milli Liderimiziň we döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Goý, dünýä ýüzüne meşhur bolan ahalteke bedewlerimiziň at-owazasy has hem belende galsyn!

Gülnäz Ataliýewa, 

Türkmenistanyñ Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Ylmy usulyýet bölüminiň müdiri.

Ýene-de okaň

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan taryhy mekan

Ata Watan Eserleri

Sarpasy belent bedewler

Ata Watan Eserleri

Ýylyň şygary-belent sepgitlere badalga

Çagalar – biziň geljegimiz!