SPORT

Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti döredildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň 10-njy maddasyna laýyklykda, Bilim ministrligi ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan ygtyýarly edara bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda Permanyň hem-de bu komitetiň meseleleri hakynda, Bilim ministrliginiň meseleleri hakynda Kararlaryň taslamalary hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, hödürlenen resminamalara gol çekdi we olary sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Bu resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň işini bes edip, onuň binýadynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini döredildi.

Ýene-de okaň

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy