“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli gurnan “Ata Watan Eserler” döredijilik bäsleşiginiň nobatdakysy 2020-nji ýylyň dekabr aýynyň 17-sine jemlenýär.
Ýaryşa hödürlenen eserlerden ýeňiji kesgitlenende bäsleşigiň şertine laýyklykda, saýtymyzdaky şol eseriň “okalan” sany 70 göterim täsir edýän bolsa, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň resmi “Instagram” sahypasyndaky şol eseriň “halanan” sany 30 göterim täsir eder. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň usulyna laýyklykda, “Google Analytic” maglumatlaryny esasynda “okama” sanynyň şol maglumatlardaky şol eser üçin saýtda geçirilen ortaça wagta köpeltmegiň jemi hasaba alyndy.
Siz bäsleşige hödürlenen eserler bilen tanyşmak isleseňiz, onda şu ýere basyň!
Makul Sözlük: Täze baýraklar hödürleýär
Mälim bolşy ýaly ýaňy ýakynda saýtymyz tarapyndan taýýarlanylan Türkmen dilinde “gepleýän” ilkinji Türkmençe-Iňlisçe sözlük –Makul Sözlük hyzmata girdi. Siz täze sözlük bilen tanyşmak üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Internet ulgamynda www.makulsozluk.com domaini bilen hereket edýän sanly we sesli Akylly sözlük taslamasynyň esaslandyryjylary “Ata Watan Eserleri” bäsleşigine gatnaşan eserleriň örän gymmatly eserlerdigini hasaba alyp öň yglan edilen baýraklara goşmaça baýraklar hödürleýär.
Siz kimiň ýeňiji bolanlygy baradaky maglumat boýunça habar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!