SPORT

“Barselona” toparynyň Merkezi Aziýadaky ilkinji akademiýasy

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Bişkek şäherindäki Ispaniýanyň meşhur topary bolan “Barselona” klubynyň akademiýasynyň gurluşygynyň düýbüni tutdy.

Sport toplumy ýurduň paýtagtynyň günorta böleginde ýerleşip, onuň meýdany 15.85 gektara deňdir. Bu toplumda uly futbol stadiony bolup, ol 10 müň janköýere niýetlenendir. Şeýle hem bu ýerde 2 sany uly meýdança we birnäçe kiçi futbol meýdançalar bolar. Mundan başga-da, toplumda sport zaly, döwrebap howuz, 7 gatly lukmançylyk klinikasy, muzeý, kafe, “Barça” brendli myhmanhana bolar.

Sport desgasynyň taslamasynda 1000 orunlyk umumybilim berýän mekdep, 700 orunlyk çagalar bagy göz öňünde tutulandyr. Akademiýada hemişelik esasda 240-300 çaga bilim alar we ýene-de ýurduň sebitlerinden 2 müňe golaý çaga gatnap biler.

Taslama 10 milliard som möçberinde maýa goýum gönükdirilip, ony 2026-njy ýylda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Sport akademiýasynyň düýbüniň tutulyş dabarasyna “Barselona” klubynyň ýolbaşçysy Žoan Laporta we toparyň ozalky meşhur fubolçylary gatnaşdy.

Şeýle hem “Barselona” klubynyň Gyrgyz Respublikasynyň Jalalabad şäherinde ýene-de bir akademiýasy ulanmaga berildi.

Jalalabad şäherindäki akademiýa “Barselona” klubynyň umumylykdaky 29-njy akademiýasy bolup, ol hem Gyrgyz Respublikasynyň ähli künjeginden täze ökde ýaş futbolçylary gözlap tapmak hem-de taýýarlamak üçin döredildi.

Mundan başga-da, Bişkek şäherinde ýene-de bir döwrebap, 35 müň orunlyk stadionyň gurluşygyna badalga berildi.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler