BILIM

Balkanabatda zehinli ýaşlaryň intellektual bäsleşigi geçirildi

«Kämil bilim» okuw merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasynda ýaşlaryň arasynda üç tapgyrdan ybarat bolan «Brain-ring» intellektual bäsleşigi geçirildi. Bu çäre Balkan welaýat Baş bilim müdirligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi hem-de «Kämil bilim» okuw merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasy tarapyndan bilelikde guraldy.

Ýaryşa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplaryndan hem-de şäheriň orta mekdepleriniň 10-12-nji synplarynda bilim alýan okuwçylardan ybarat jemi 25 topar gatnaşdy.

Fewral aýynyň dowamynda geçirilen ýaryşyň saýlama tapgyry test görnüşinde bolup, soňraky tapgyrlarda toparlar final tapgyryna çykmaga hukuk gazanmak üçin bäsleşdiler.

 

«Brain-ring» düzgünine görä geçirilen bu bäsleşiklerde ýaşlar diňe bir çuňňur bilimi däl, eýsem, berlen soraglara sekuntlaryň içinde dogry jogap bermek, logiki pikirlenmek we toparlaýyn işlemek ukyplaryny hem görkezdiler. Finalda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyplary bilen şäheriň 24-nji orta mekdebiniň okuwçylary ýaryşdylar.

Çäräniň guramaçylyk işleri we ýaşlaryň işjeňligi barada «Kämil bilim» okuw merkeziniň Balkanabat şahamçasynyň robot tehnikasy boýunça mugallymy Söhbetmyrat Bäşow şeýle gürrüň berdi:

— Bu ýaryş ýaşlaryň intellektual taýdan özara bäsleşmegi üçin döwrebap meýdança öwrüldi. Sanly tehnologiýalaryň ösen döwründe, ýaşlarymyzyň çalt seljermek we takyk netije çykarmak ukyplaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Geçirilen üç tapgyryň netijeleri ýaşlaryň bilim derejesiniň ýokarydygyny we şeýle intellektual bäsleşiklere bolan isleginiň uludygyny görkezdi. Geljekde-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmak üçin şeýle çäreleri yzygiderli geçirmegi meýilleşdirýäris.

 

Ýaryşyň emin agzalarynyň netijelerine görä, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyplary birinji orna, Balkanabat şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň okuwçylary ikinji orna, şäheriň 12-nji we 6-njy orta mekdepleriniň okuwçy toparlary bolsa üçünji orna mynasyp boldular.

Ýeňijilere guramaçylar we ýaryşyň hemaýatkärleri tarapyndan ýadygärlik sowgatlar hem-de Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu intellektual ýaryş ýaşlaryň ylma bolan höwesini artdyrmakda we olaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy

Ykdysady taslamalar boýunça Startup bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanlylara Ýewropa ýurtlarynda magistr maksatnamasy üçin okamak mümkinçiligi

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi türkmen ýaşlaryny bilim almak mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy