JEMGYÝET

Balkanabatda “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açyldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak hem-de welaýat merkezi Balkanabat şäherinde “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Balkan welaýatynyň edara ediş merkeziniň täze binagärlik ajaýyplygyna öwrülen bu iri durmuş-medeni maksatly desga milli Liderimiziň 2018-nji ýylda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda guruldy.

Şanly waka mynasybetli “Türkmeniň ak öýi” binasynda milli amaly-haşam sungaty hem-de döredijiligiň görnüşleri, milli senetçiligiň özboluşlylygy barada düşünje almaga mümkinçilik berýän sergi guraldy. Döwlet Baştutanymyz giň gerimli sergini synlady, ol türkmen halkynyň köpugurly döredijilik zehininiň hem-de örän baý taryhy-medeni mirasyna ygrarlylygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmeniň ak öýi” binasynyň bezegi we abadanlaşdyrylyşy, onuň keşbindäki şähergurluşyk ulgamyndaky öňdebaryjy gazanylanlar hem-de milli binagärligiň iň gowy däpleri, dürli derejedäki çäreleri, baýramçylyk dabaralaryny geçirmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.

“Türkmeniň ak öýi” toplumynda zerur häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen giň konsert zaly, iş otaglary we beýleki ugurdaş otaglar, eýwan göz öňünde tutuldy. Bu 3 müň orunlyk sadaka üçin aýratyn binany hem öz içine alýan tutuş desgalar toplumydyr. Onuň ýanaşyk çäkleri doly abadanlaşdyryldy hem-de bagy-bossanlyga büreldi, köp sanly pürli agaç nahallary hem-de bezeg ösümlikleri ekildi, bina gelýän ýol çekildi, bezeg, yşyklandyryş enjamlary gurnaldy.

Toplumyň golaýynda bezegli ak öýler we hiňňildikler gurnalypdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desga bilen tanyşlygyny tamamlandan soňra, şanly waka mynasybetli guralan welaýatyň sungat ussatlarynyň konsertine tomaşa etdi.

Döwlet Baştutanymyz şu günki ajaýyp wakanyň şanyna Balkanabat şäherinde gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasynda işlejek döredijilik toparlary üçin niýetlenilen täze awtobusy sowgat berdi. Soňra hormatly Prezidentimiz baýramçylyk sadakasyna gatnaşdy.

Şu ýyl Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy toýlanýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli dürli maksatly binalaryň 30-dan gowragynyň ulanmaga berlendigi we ýene-de şu ýylyň dowamynda 22 desganyň gurluşygyny tamamlamagyň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.

 

15-nji iýulda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi