JEMGYÝET

Balkanabatda “Türkmeniň ak öýi” binasy açylar

Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna amala aşyrjak iş sapary bilen baglanyşykly sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýlay, şol mejlisiň barşynda milli Liderimiziň Balkan welaýatyna amala aşyrjak iş saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Hasabatlarda bu saparyň çäklerinde Balkanabat şäherinde gurlup ulanmaga berlen 3 müň orunlyk “Türkmeniň ak öýi” binasynyň, şeýle hem onuň ýanynda 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.

“Türkmeniň ak öýi” binasy ak öý görnüşindäki uly desga bolup, milli we halkara derejesindäki köpçülikleýin çäreleri, baýramçylyk çykyşlaryny geçirmek üçin niýetlenilendir.

“Türkmeniň ak öýi” binalarynyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanyldy.

Ägirt uly ak öýleriň ilkinjisi 2015-nji ýylyň noýabr aýynda Mary şäherine “Türk dünýäsiniň medeni merkezi – 2015” derejesi berlende açyldy. Ony hususy gurluşyk kärhanalary bina edip, onuň düzümine “Dolama”, “Aly bina gurluşyk” hojalyk jemgyýetleri, şeýle hem “Başlar” we “Ynamly hereket” hususy kärhanalar girýär.

Soňra “Täze jaý” hojalyk jemgyýeti tarapyndan bina edilen “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasy açyldy.

Golaýda Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde, ýagny Türkmenabat şäherinde 3 müň orunlyk “Türkmeniň ak öýi” binasy ulanmaga berildi. Durmuş-medeni maksatly desganyň gurluşygyny Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ajaýyp döwür” HJ-niň hünärmenleri amala aşyrdylar.

“Röwşen” hususy kärhanasynyň hünärmenleri Balkanabat we Daşoguz şäherlerinde “Türkmeniň ak öýüni” bina etdiler.

 

Jebel şäherçesinde halkara howa menziliniň düýbi tutular

Ýene-de okaň

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri