Russiýanyň «Weçnyý zow» kinokompaniýasy Serbiýanyň «Balkan Trip TV» teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna baryp gördüler. Surata düşüriş toparynyň saparynyň maksady teleýaýlym üçin baý medeni mirasa, tebigy gözellige we ýurdumyzyň täsin gözelliklerine bagyşlanan gepleşik döretmek.
Saparyň dowamynda myhmanlar türkmen zergärleriniň senetiniň inçe tilsimleri bilen tanyşdylar. Nesilden-nesle geçip gelýän gadymy zergärlik sungaty häzirki döwürde-de ähmiýetini ýitirmeýär. Akademiýanyň ýaş zergärleri tejribeli hünärmenlerden ussatlygyň syrlaryny öwrenýärler, nagyşlama, gara reňke boýamak we daş salmak ýaly milli tilsimleri özleşdirýärler.
Akademiýanyň sungat merkezi muzeýinde türkmen senetçiliginiň çeperçilik aýratynlyklary, şaý-sepleri ýasamagyň özboluşly usullary, dürli mähekli metallary, gurallary we serişdeleri ulanmak barada gyzykly gürrüň berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda zergärlik sungaty otagynda amaly ussatlyk sapagy geçirildi. Myhmanlar «gülýaka», «tumar», «bilezik» ýaly dürli milli şaý-sepler we olaryň medeni ähmiýeti bilen tanyşdylar.
«Balkan Trip TV» dürli halklaryň tebigaty, taryhy we medeniýeti barada gyzykly we bilim beriş gepleşikleri bilen tanalýar. Taslama halkara hyzmatdaşlygy arkaly türkmen zergärçilik sungatynyň özboluşlylygyny we Türkmenistanyň baý medeni mirasyny dünýä ýüzünde görkezmegi maksat edinýär.