Ýakynda onuň gelni Bahar bilen jaňlaşyp gürrüňdeş bolduk. Ol: — Gaýyn atamyň bäş ogly, bir gyzy bardy. Bir ogly on bäş ýaşynda ýogaldy. Ol gaýyn atamyň: «Bizem geldik tomaşaňa, uzyn-uzyn saçly gyzlar» diýip, aýdan aýdymynyň sazyny ýazan ogly. Gaýyn atamyň yzyny dowam edip, häzir beýleki ogullaram özleri saz çalyp, aýdym aýdýarlar. Men Babamyrat Hamdamowyň ikinji oglunyň gelni. Özüm Daşoguz welaýatyndan. 1980-nji ýylda welaýatymyzda lukmançylyk orta hünär okuw mekdebini gyzyl diploma tamamlap, şol ýyl paýtagtymyzdaky lukmançylyk ýokary okuw mekdebine okuwa girdim. Ýoldaşym häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetini tamamlady. Talyp döwrümiz tanşyp üçünji kursda okaýarkak 1983-nji ýylda durmuş gurduk. 1984-nji ýylda uly oglumyz Begli dünýä indi. Şonda gaýyn atam: «Öz öýüňiz bolsun, kösenmäň» diýip, bize Aşgabatdan jaý satyn alyp berdi. Şondan bäri şu ýerde ýaşap ýörüs.
Gaýyn atam diýseň mähribandy, ýöne adalatly, gönümel häsiýeti bardy. Şägirtleri bolsun, kim bolaý tapawudy ýok, bassyr-ýussur edip ýüz görüp durmazdy. Dogry pikirini gönümel aýdardy. Ýaş çagaly wagtym, nahary öňümize alardyk welin, çagam aglap başlardy. Onsoň çagamyň arlygyny çalyşmak üçin, ýa-da emdirmek üçin başga otaga geçsem: «Bar nahar guýup gelnejeňe elt, sowamanka işdäsini ýakman iýsin» diýip, baldyzyma nahar getirdip öňümde goýdurardy.
Onuň Hindistana iki-üç gezek gidip gelenini bilýän. Hindi zenanlarynyň geýýän üsti gaşly şypbyklaryndan sowgat getiripdi. Gaýyn atam ýetim ösen. Öweý ejäniň elinde ýaşapdyr. Käte degişme bilen gülüp çagalykdaky gören kynçylyklaryny gürrüň bererdi.
Ol ilki hindi aýdymlaryny aýdyp başlaýar. Ýigrimi ýaşlaryndaka ýük göterýän kranyň ýokarsyna çykyp hindi aýdym aýdýan eken. Soň bir gün belli aýdymçy Kamiljan Ataniýazowyň ýanyna baryp: «Men aýdym aýdýan welin, diňläp göräýiň-dä!» diýýär. Kamiljan aga diňläp görýär-de: «Oglum, gowy sesiň bar, ýöne ilki öz dilimizde aýdym aýt. Onsoň başga halklaň aýdymyny aýt» diýip maslahat berýär. Şeýdip ol agyr-agyr milli aýdymlary öwrenýär. Soň hindi filmlerindäki aýdymlary aýdýar.

Bir gezek Daşkentde hindi kinofestiwaly geçirilende dünýä belli hindi artisti Raj Gapur gaýyn atamyň: «Sergezdan» hindi filminden aýdym aýdanyny eşidip, şol aýdymy aýdan Mukeşiň sesidir öýdýär. Gözüni ýaşlap gaýyn atamyň oturan otagyna barýar. Şonda ol: «Men Mukeşi Amerikada ýitirip, Daşkentden tapdym» diýýär. Sebäbi Mukeş Amerika gidip, şol ýerde-de ulag heläkçiliginden ýogalan. Raj Gapuryň şonda tolgunyp duran pursadynyň wideo ýazgysy öýümizde bar.
Bir gezegem «Mir» kino teatrynda hindi kinolarynyň görkezilişi boldy. Hindi kinofestiwaly geçirildi öýdýän. Şonda Raj Gapuryň ogullary, inileri geldiler. Oglum Begliniň çaga wagtlarydy, olaryň Beglini göterip düşen suraty şahsy arhiwimizde bar. Gaýyn atam: «Men dünýeden ötsem, halypam Kamiljan Ataniýazowyň baky aram tapan gonamçylygynda jaýlaň — diýip wesýet etdi. Ýakynda gaýyn atamyň ýyl sadakasyny berip geldik. Öwülýä zyýarata bardyk. Halypasy bilen ikisem bir öwülýada ýatyr. Razy bolsunlar — diýip ýatlady.
Babamyrat agany menem bir gezek ýüzbe-ýüz görüpdim. Anyk ýyly ýadymda däl. Togsanynjy ýyllardy. Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň öňündäki meýdançadady öýdýän, uly bir baýramçylyk dabarasy geçirilýärdi. Men ol ýere öz şahsy işim üçin sowuldym. Barsam dabara başlanypdyr. Alypbaryjy:
— Indi bolsa hormatly myhmanymyz, Özbegistanyň halk artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Babamyrat Hamdamowa söz nobatyny geçirýäs — diýip, meşhur aýdymçyny sahna çagyrdy. (Babamyrat aga «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at soň berildi.) Şonda Babamyrat aga:
— O nähili men myhman bolýan? Men türkmen topragynda özümi myhman hasap edemok — diýip gürrüňini dowam etdi. Howlukmaç bolamsoň, ol ýerden derrew gaýtdym, ýöne duralga ýetip barýarkam Babamyrat aganyň: «Hormatly atlary Öwezgeldi Tekäýew, Annaberdi Atdanow, Orazgeldi Ylýasow ýaly ägirtlere dakmaly» diýen sesini eşitdim. Şonda onuň adalatly, gönümel häsiýetlidigine, çyn zehinlere uly hormat goýýandygyna göz ýetirdim.
Kiçiligimden onuň aýdymlaryny teleýaýlymdan diňlämsoň, şol gezek bu aýdymçyny ýüzbe-ýüz görmegim az pursatlyk bolsa-da, öňden ýakyn gatnaşykdaky tanşym bilen duşuşan ýaly boldum. Ondan bäri kän ýyl geçdi. Emma onuň «Men özümi türkmen topragynda myhman hasap edemok» diýen sözi hiç ýadymdan çykanok. Ol mamla. Sebäbi türkmen halkymyzam ony öz aýdymçysy hasaplaýar.

Onuň aýdymlaryny özümem juda gowy görýän. «Saýadym», «Lebabyma», «Gyzlar» we başga-da dana şahyrymyz Magtymgulynyň sözlerine aýdan aýdymlary kän, ýöne ol türkmeniň uly şahyrlarynyň biri Atamyrat Atabaýewiň «Garaşsyz» atly goşgusyna özi saz döredip ýerine ýetiren aýdymy bilen ýüregimiň töründe ýaşaýar. Bu iki ussat hakynda söz açylsa:
«Goý, güller açylsyn sähraň ýüzünde» diýip, başlaýan şol ajaýyp aýdymyň owazy gulagymda ýaňlanyp başlaýar. Nähili buýsançly aýdym?! Serediň-ä, bu setirlerine:
«Dünýäň çar künjüne ýaýrapdyr türkmen,
Oňmaz olar dost-dogansyz, gardaşsyz,
Agzybir bolanda baýnapdyr türkmen,
Baýna türkmen, bu gün ýurdum Garaşsyz!» Ine, saňa gerek bolsa, agzybirlige, dostluk-doganlyga çagyryş!
«Beýik günde unudylýandyr kineler,
Bu beýik gün ata mekan Garaşsyz!» diýip, ýurt Garaşsyzlygymyz ilkinji bolup şol ajaýyp aýdym bilen dünýä ýaň saldy. Atamyrat aga bilen Babamyrat aga şol ölmez-ýitmez aýdym bilen türkmen-özbek dostlugynyn, halklaryň agzybirliginiň suratyny çekdi.
Geçen ýyl internet sahypalaryny gözden geçirip otyrdym. Birden Babamyrat Hamdamowyň bakyýete göç edendigi hakyndaky habara gözüm düşdi. Gaty gynandym. Şondan bäri bu meşhur aýdymçy hakynda ýatlama ýazmak pikirindedim. Arada bir toýda ýaşlaryň arasynda «Dam-dam» aýdymy bilen has ýörgünli bolan aýdymçy Ahmet Orazgulyýew gabat geldi. Ol toý gutlagynda özüniň Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa bilen ilkinji gezek halypa aýdymçy Babamyrat Hamdamowyň döredijilik duşuşygynda tanşandygyny ýatlady. Şondan soň Ahmediň telefon belgisini tapyp, söhbetdeş bolduk. Ol Babamyrat aga bilen bagly ynha, şu ýatlamalary gürrüň berdi:
— Aslynda Babamyrat halypanyň agtygy Beglini gowy tanaýardym, ýöne öň bir-iki toýda Babamyrat Hamdamowyň aýdymlaryny ýüzbe-ýüz diňläpdim. 2018-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda 35 ýaşadym. Doglan günümi paýtagtymyzdaky «Altyn» toý mekanynda ogullarym Aýdyňmuhammediň hem-de Sahymuhammediň sünnet toýlary bilen bile toýladyk. Şonda: «Eger aňrujy saglyk ýagdaýy bolsa ataňy toýumyza çagyrýan, alyp gelseň-ä hoşal bolardyk» diýip Beglä haýyş etdim. Barybir Babamyrat aga uly halypa bolansoň, meniň ýaly ýaş aýdymçynyň çakylygyny kabul eder öýtmändim. Şol toýumyza ýurdumyzyň tanymal sungat ussatlarynyňam köpüsini çagyrdym. Toý başlandy. Birden Babamyrat halypanyň toý mekanynyň gapysyndan girmegi toýa gatnaşyp oturan märekä garaşylmadyk sowgat boldy. Ähli kärdeşlerimiz ýerinden turup halypany uly hormat bilen garşy aldylar. Kimsi onuň bilen gujaklaşyp görüşýärdi, kimsi bile surata düşýärdi. Garaz, şol toýumyz Babamyrat halypa bilen döredijilik duşuşygy guralan ýaly boldy. Dünýä belli hindi artisti Raj Gapur bilen duşuşan, hindi halkynyň öz milli aýdymlaryny ýerine ýetirip haýran galdyran ägirt halypa bolsa-da, Babamyrat aga juda göwni pes eken. Toýda oňa türkmeniň gyrmyzy donuny, telpegini geýdirdik. Oturan mähelle ör turup el çarpyp uly şowhun boldy. Şonda ol: «Ýerimden turup, kärdeşlerimiň arasynda aýlanyp aýdym aýtjak» diýip, ilki bilen öz döreden «Arkadag» atly aýdymyny aýtdy. Soňra-da onuň bilen şahyr Atamyrat Atabaýewiň sözlerine döreden «Garaşsyz» atly aýdymyny bile aýtdyk. Men şonda ondan:

— Halypa, eger rugsat berseňiz bu aýdymyňyzy bile duet edip aýdaýaly, şekile geçirmek isleýän — diýip rugsat soradym. Halypa razy boldy. Onsoň şol aýdymy soň bile ak öýüň içinde ýerine ýetirip «Perwana» studiýasynda şekile geçirdik. Sözlerine görä aýdymy dünýä türkmenlerine ýol açylan ýurdumyz bilen bagly pursatlar bilen bezedik. Ol aýdymyň şekile geçirilen ýazgysy internetde bar.
Toý sowuldy. Ertesi Babamyrat halypa: «Agşamky toýda alan täsirim täzeden ömrüme ömür goşdy» diýip, öýümize sag bolsun aýtmaga geldi. Biz oňa sag bolsun aýtmaly. Ýetmiş sekiz ýaşynda toýmuzy gutlamaga geldi. Öýmüzde on-on iki ýyl bäri düşege baglanyp ýatan syrkawymyz bardy. Babamyrat halypany onuň bilen tanyşdyrdym. Häzir ikisem aýatda ýok. Jaýlary jennet bolsun!
Soňra Babamyrat aga kärdeşimiz Türkmenistanyň at gazanan artisti Bahar Hojaýewalara gitdi. Şol ýerde başga-da bagşy-sazandalar jemlenipdir. Bahar Hojaýewa dürli-dümen tagam taýýarlap, saçak ýazypdyr. Birden telefonuma Bahar Hojaýewadan jaň geldi:
— Ahmet sen gelmeseň bolanok, ýaşuly öňünde goýlan nahary iýmän: «Ahmet gelensoň iýeris» diýip garaşyp otyr — diýdi. Barsam hakykatdanam garaşyp otyr. Oturdyk.
Ertesi Babamyrat halypany daňdan öýüne ugratmak üçin uçar menziline äkitdim. Uçar menzilinde-de ýolagçylaryň köpüsi onuň bilen surata düşdüler. Babamyrat halypa 1940-njy ýylda Lebap welaýatynyň Çärjew şäherinde doglan. Ömrüniň soňky ýyllarynda biraz ýarawynyň ugry ýokdy. Şonda-da ol ýadanok. Sahna çykyp halk bilen duşuşmagy, sungatyna hormat goýulmagy oňa şeýlebir ruhy güýç berdi. Daşoguzyň üsti bilen uçurdyk. Ol çalt gürleýärdi. Uçardan düşende-de habarlaşyp durdy. Maňa Özbegistanda ulanýan telefon belgisinem berdi.
Iki-üç gün geçdi welin, ol ýene öýümize geldi. Onuň bilen bolan şol gezekki duşuşyk mende-de uly täsir galdyrdy. Sebäbi biraz öň ýanlarynda Türkmenistanyň halk artisti Öwezgeldi Tekäýewiň şägirdi, halypa Kakow Öwezow ýogalypdy. Ol soňky ömürlerinde öýüniň resminamalary düzelýänçä öýmüzde ýaşady. Soň ol ýogaldy welin, içimiz gysyp ýördük. Babamyrat aga Kakow halypanyň ýatan ýerinde ýatyrdy. Irden namaza turdum welin, Kakow halypa ýatandyr öýdüpdirin. Soň ol ertirlik edinip: «Bu gün agtyklarymyň arasynda boljak» diýdi. Bile gitdik. Dostum Begli «dymlama» nahary taýýarlady. Iýdik, diýseň datly tagam eken. Soň Babamyrat halypa bilen kän gezek duşuşdyk. Ol paýtagta gelse hökman şahyr Atamyrat Atabaýew bilen görşerdi. Gypjakdaky metjide baryp aýat-töwir ederdi. Onuň aýratyn bir häsiýeti bardy. Ýolda durýan ýol gözegçiler bilen ulagdan düşüp salamlaşardy. Ilkinji gezek ulagy saklap: «Salamlaşjak» diýende:
— Tanşyňyzmy? — diýip soradym. — Ýok. Olar biziň rahat ýatyp, turmagymyz üçin, gije-gündiz hyzmatymyzda durlar. Hökümet biziň rahatlygymyz üçin olara hak töleýär. Biz olara minnetdar bolmaly — diýip düşündirdi.

Halypa bilen gaty ysnyşdyk. Babamyrat aganyň döredijilik agşamyny «Altynaý» toý mekanynda geçirdik. Welaýatlarymyzdanam kärdeşlerimiz geldi. Öýümiz toýa döndi. Hindistanyň ýurdumyzdaky ilçihanasyna ýüz tutup, hindilerdenem myhman çagyrdyk. Ussadym Akmyrat Igliýew Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda okadan Güljemal atly talybyny terjimeçi hökmünde alyp geldi. Ol Babamyrat aganyň aýdan hindi aýdymlaryna: «Ýekeje sözünem ýalňyşman aýtdy» diýdi.
Maňa Babamyrat aganyň maşgalasy bilenem telefonda gepleşmek miýesser etdi. Men oňa:
— Ene jan, siziň ýan ýoldaşyňyz nähili ussat, beýik aýdymçy. Onuň şeýle beýik derejede saklanmagynda siziň uly hyzmatyňyz bar. Galan ömrüňize-de bileje ýaşamagyňyzy arzuw edýän — diýdim. Ol:
— Babamyrat ýanyňda bolsa ber telefony — diýdi. Telefony uzatdym. Ikisi gürleşdiler. Birden Babamyrat aga:
— Saňa döneýin, häzir uçdum, häzir uçdum — diýip telefony goýdy. Geň galdym. «Öýüme iki-üç günden gaýtjak» diýip oturan ýaşuly: «Ahmet jan, gaýdaýyn, gelnejeňiz alada edip otyr» diýip, uçar bilen şol gün öýüne uçdy. Hoşlaşyp öýümizden çykjak bolanda: «Abraýyňyz meniňkiden pes bolmasyn» diýip ogullarymyň başyndan sypady. Ol maňa: «Başga käre höwes edýäňmi? Sungat gysgançdyr, başga hünäre gapdalyndan üns berilmegini halaýan däldir» diýdi.
2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň 2-sine Babamyrat halypanyň 84 ýaşynyň içinde aradan çykandygy barada habar geldi. Antaliýa biledimi alypdym. Soň Aşgabatda oglunyň öýünde anna agşamyna gatnaşdym. 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda oglumyň doglan gününde öten-geçen sungat ussatlarymyzy hatyralap, hem şonda Babamyrat halypanyňam hossarlaryndan rugsat sorap «Aýperi» toý mekanynda aş berdik. Ykbalyma şunuň ýaly pursatlary beren Beýik Allama şükür — diýip, ol dosty Begliniňem telefon belgisini berdi.
Soňra Türkmenistanyň at gazanan artisti Bahar Hojaýewa bilenem jaňlaşyp söhbetdeş bolduk. Ol:
— Babamyrat aga bilen men ataly gyz okaşdyk. Men oňa her gezek öýümize gelende öz aýdymlaryndan aýdyp berýärdim. Hindi aýdym aýdanymda gözüni ýaşlap: «Seniň bu sesiňe sazanda tapmak kyn düşer, gyzym. Sebäbi meniňem sesim üçin sazanda tapmak kyn boldy» diýerdi. Bir gezek toýda otyrkak şeýle bir manty iýesim geldi. Iýjek boldum welin: «Bu wagt dogry gelmeýär» diýip, giçden soň agyr nahar iýmek aşgazana agyr düşer — diýip iýdirmedi. Geň galarsyňyz, onuň ömrüniň ahyryna çenli otuz iki dişem ýerinde boldy. Ötürme dişi ýok eken. Sebäbini sorasam: «Hiç wagt dişiňize şotka degirmäň, barmagyňyz bilen dişleriňiziň etini ýuwaşjadan owkalap ýuwuň» diýdi. Halypa gowy iýmegi, irden turup ýöremegi gowy görerdi. Ýöne ertirlik edinende diňe ary bal bilen çörek ýa-da ýeňiljek iýerdi. Günortanlyk naharynda agramly iýerdi. Iň bärkisi «Borş» bişirenimizde biz bir çemçe gaýmak goşup iýsek, ol bäş-alty çemçe gaýmak goşup iýerdi. Şonuň üçinem daýawdy. Bir gezek oňa öz döreden «Söý meni» hem-de «Ýarym-eý» atly aýdymlaryny aýdyp berdim. Diňledi. Soň Ahmet gatyrak sesi bilen aýdym aýtdy. Oňa: «Gaty gygyryp aýtma. Ýuwaşlyk bilen aýt. Sary ýag ýaly, janyňa siňmeli» diýdi. Arkan ýatyrka başujunda hindi aýdymlarynyň ýazgysyny aýtdyryp diňlärdi. «Janyma siňdirýän» diýerdi — diýip gürrüň berdi.
Makalamy üýtgeşigräk maglumatlar bilen bezemek üçin soňra Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowada jaň aýladym. Onuň bilenem gürrüňdeş bolduk:
— 1962-nji ýylda türkmen telewideniýesi açyldy. Şonda men çaga sesim bilen teleýaýlymda çykyş etdim. Şo mahallar teleýaýlymda Babamyrat Hamdamowyň «Jenap 420», «Bobbi» hindi filmlerinden aýdýan aýdymlaryny diňleýärdim. Ýüzünde meňi bolansoň: «Meňli daýy» diýerdim. Men nä bileýin soň maňa «Meňli daýza» diýiljegini. Çaga bolamsoň, belkäm adyny aýdyp bilen däldirin, ýöne aýdymlaryny kiçiligimden gowy görýärdim. Soň onuň aýdymlarynyň muşdagy boldum. Adamkärçiligi gyzyl ýaly, salyhatly, edermen, mähirli adamdy. Babamyrat halypanyň 60 ýaş toýy bellenende maşgalamyz bolup gatnaşdyk. Soň meniň 60 ýaş toýumda Babamyrat aga-da sazandalar topary bilen gelipdi. Onuň şol dabaramyzda sözlän sözleriniň ýazgysy telefonumda bar. Ahmet Orazgulyýew doglan gününe çagyranda Babamyrat halypanyň bir aýdan sözi hiç ýadymdan çykanok: Ol şonda ýene bir söz aýdypdy: «Meniň iki ýurdum bar, biri Türkmenistan».
Babamyrat aga bilen bagly ýene bir pursat ýadymda. Bir gezek meşhur hindi artisti Raj Gapuryň ogullary Türkmenistana geldi. Şonda Babamyrat agadan aýdym aýtmagyny haýyş etdiler. Halypa: «Ýagşy, ýagşy» diýip gürlärdi. Ol şonda hindi aýdymyny aýtdy welin, Rişi Gapur dagy haýran galdylar. Şonda kärdeşim Kerim Ylýasowa:
— Kerim jan, sende ýazgy etmäge kamera mümkinçiligiň bar. Biziň hemmämiz şu dünýä myhman. Şu mahal mümkinçilik barka Babamyrat aga bilen söhbetdeşlik taýýarla — diýdim. Taýýarlady. Belkäm, wideo ýazgysy özünde bardyr, gyzyklanyp göräýiň! — diýip salgy berdi.
Babamyrat Hamdamow hakynda ýatlamalar juda kän eken. Olary belkäm ýeneki makalalarymyzda ulanarys.
Akgül Saparowa.
