SPORT

Aziýa Kubogy-2026: Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň garşydaşlary belli boldy

Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndy toparynyň 2026-njy ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary mälim boldy. Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen bije çekişligiň netijesinde “C” toparça düşen ýurdumyzyň zenanlar ýygyndy toparynyň garşydaşlary Mýanmanyň, Bahreýniň hem-de Bangladeşiň zenanlar ýygyndy toparlary bolarlar. Bu toparçadaky duşuşyklar merkezleşdirilen görnüşinde Mýanmada geçiriler.

Aziýa Kubogy – 2026-nyň saýlama tapgyrynda zenanlar ýygyndylaryň 33-si toparçalaryň 8-sinde çykyş ederler. Toparçalaryň 6-sy 4 ýygyndydan, 2 toparça bolsa ýygyndylaryň 5-sinden ybarat bolar. Aziýa Kubogy – 2026-nyň saýlama tapgyry şu ýylyň 23-nji iýuny bilen 5-nji iýuly aralygynda geçiriler. Saýlama tapgyrynyň duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşinde Täjigistanda, Kambojada, Indoneziýada, Iordaniýada, Mýanmada, Taýlandda, Özbegistanda hem-de Wýetnamda geçiriler.

2026-njy ýylyň 1-26-njy marty aralygynda Awstraliýada geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyryna diňe toparçalaryň ýeňijileri gatnaşmaga mümkinçilik alar. Ýer eýesi Awstraliýanyň zenanlar ýygyndy toparyndan başga, Yklym ýaryşynyň final tapgyryna Hytaýyň, Koreýa Respublikasynyň hem-de Ýaponiýanyň ýygyndy toparlary hem wagtyndan öň gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň nobatdaky rekordy

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyna çykan 19 ýygyndy belli boldy