SPORT

Aziýa çempionatynda ýene bir medal gazandyk

Şu günler Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty dowam edýär. Yklymyň bu möhüm ýaryşynda türkmen türgenleri hem çykyş edýärler we baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Daşkentden ýene-de bir hoş habar gelip gowuşdy. Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde ýene bir bürünç medal gazanyldy. Ony 29 ýaşly Rejepbaý Rejepow gazandy. Ol 81 kg agramda çykyş edip, yklymyň 3-njisi bolmagy başardy.

81 kg agramda baýrakly orunlary eýelemek ugrunda 10 ýurtdan 9 türgen gatnaşdy. Olaryň arasynda birnäçe gezek Olimpiýa oýunlarynyň çempiony bolan hytaýly agyr atletikaçylar hem bardy. Emma muňa garamazdan, türkmen türgeni hem baýrakly orunlar üçin soňuna çenli göreşdi.

Netijede, Rejepbaý Rejepow itekläp hem-de silterläp götermede jemi 341 kilogram agyrlykdaky agramy göterip, 3-nji orny eýeledi. Bu ugurda birinji orny hytaýly türgen Lýu Sýaszýun, ikinji orny bolsa özbek türgen Muhammadkodir Toştemirow eýeledi.

Aziýa çempionatynda üçünji orny eýelän Rejepbaý Rejepow Türkmenistan toparyna Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlanmakda möhüm 66 utuk gazandyrdy.

AÅŸgabat – dünýäniň kino sungatynda

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi