Çagalar edebiýatynyň halypasy, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyň hem-de Hajy Ysmaýylow adyndaky edebiýat baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, Türkmenistanyň halk magaryfynyň otliçnigi şahyr Azat Rahmanowlar bilen on-on bäş ýyl bäri goňşy ýaşaýas. Azat agany okuwçy wagtlarymyz çagalar şahyry hökmünde gaýybana tanaýardym. Kiçiligimizden jigilerimiz bilen onuň dürli ýyllarda neşir edilen «Akpamygyň kökesi», «Şadyýan sözlem», «Mekir tozga», «Doktor gün», «Oglanjyk we ýagşylyk» atly birnäçe kitaplaryny okaýardyk. Şahyryň «Kemal bilen Güljan» atly ilkinji goşgular ýygyndysy 1971-nji ýylda çap boldy. Çagalykdan döredijiligine aýratyn hormat goýup ýören şahyrymyzyň kitaplary rus, ukrain, moldawan, litwa, gazak, azerbaýjan, tatar, pars, iňlis dillerinde-de neşir edildi. Şahsy arhiwimde togsanynjy ýyllarda birnäçe ýaş ýazyjylaryň hekaýalar ýygyndysy jemlenip çap bolan kitap bar, redaktory Azat Rahmanow. Kä wagt şol kitapdaky çagalaryň durmuşyndan ýazylan gysgajyk hekaýalary okaýan. Azat aganyň ýaş döredijileri höweslendirmek, goldamak üçin yhlas edip taraşlan kitaby gör, näçe ýaşlary begendirendir diýip oýlanýan. Onuň döredijilik ýolumda beren halypalyk maslahatlary hakydama gelýär. Nesibe çekip Azat aga bilen bile işleşmek miýesser etdi.
2003-nji ýyldy. «Edebiýat we sungat» gazetine makala ýazyp eltýärdim. Şol wagtlar Azat aga gazetiň baş redaktorynyň orunbasarydy, ýöne redaksiýa baranymda oňa kän bir duşamokdym. Aýratyn iş otagynda işläp oturýardy. Bir gezek baş redaktor Annamyrat Poladow: «Jigim, makalaňy tabşyraňsoň, gitmänkäň Azat Rahmanowyň ýanyna bar. Tabşyrjak ýumuşlary bar» diýdi. Şonda Azat agany ilkinji gezek ýüzbe-ýüz gördüm hem gürrüňdeş bolduk. Ilkibada görenimde diýseň ýiti, onda-da çaga dünýäsiniň inçe duýgularyny gozgap bilýän şeýle kämil goşgulary döredendigine haýran galdym. Ol daşyndan seredeniňde öte ýuwaş, diýseň sada keşpde görünýär.
Ýylgyryp güler ýüz bilen saglyk-amanlyk soraşdy-da pessaýja ses bilen: «Magtymguly Myşşyýewi tanaýaňyzmy?» diýdi. Hawa, «Garrylar gerek» aýdymyň goşgusyny ýazan şahyr. Onuň başga-da kän goşgularyna gowy-gowy aýdymlar döredilen — diýdim. Magtymguly aganyň döredijiligi hakynda ýene nämeler bilýäň? — diýip gaýtadan sowal berdi. Birnäçe halypa artistler — Gurbannazar Atakgaýewi (Poşalak), Tagan Saryýewi (Annam brigat), Juma Ýazmyradowy (Topulak), Berdi Aşyrowy (Emenek) ýaly lakamlar bilen halka tanadan ýazyjy. Kän hekaýalaryna radio oýunlar goýuldy. Radiony köp diňlämsoň bilýän — diýdim. — Onda size, ol barada ýazmak kyn düşmez, döredijiligi hakynda eýýäm kän zatlary bilýän ekeniňiz. Kyn görmän onuň bilen söhbetdeşlik taýýarlap geliň hem-ä kämilleşersiňiz hemem uly halypa bilen tanşarsyňyz. Geljekde şu ugurdan gitjek bolsaňyz tejribäňiz artar. Şu ýumşy oňarjagyňyzy bilýän. Degişme ýazyp ýörsüňiz. Olam degişmeçi ýazyjy, onuň özüniňem «Esentanyş» lakamy bardyr. Belki, şol lakamynyň nähili döreýşi hakynda sowal berersiňiz» diýip ugrukdyrdy. Dogrusy, Magtymguly aganyň «Esentanyş» lakamynyň bardygyny şonda ilkinji gezek Azat agadan eşitdim.
Azat aga ýaşlary işe ugrukdyrmaga diýseň ussat halypa. Sähelçe salymlyk gürrüňdeşlikde söhbetdeşlikde berilmeli sowallarymy pugta beýnime saldy. Onuň uly halypalar bilen söhbetdeşlik taýýarlamagy ynam bilen tabşyrmagy şeýlebir begendirdi. Batyrgaýlyk bilen işe girişmäge ruhlandyrdy. Öz ýanymdan bu söhbetdeşlik indi maňa hiç hili kynçylyk döretmez, sebäbi Azat aga eýýäm nähili sowallar bilen ýüzlenmelidigimi salgy berdi — diýip arkaýyn boldum. Haýdap derrew söhbetdeşligi taýýarlamagyň ugruna çykdym. Jaňlaşyp Magtymguly aganyň ýanyna bardym. Salam berip özümi tanyşdyrdym. Ol: «Gurgunçylykmy?» diýdi-de: «Döredijiligim hakynda nämeler bilýäň?» diýip sorady. Azat aganyň öwredişi ýaly sowallar berdim. Ýylgyryp baş atdy. Ynjaldym. Eger şo mahal onuň döredijiligi hakynda bilmedik bolamda, aňlaýşymça belki ol söhbetdeş bolmazlygam gaty ahmaldy.
Ine, şol pursatdan soň Azat aga döredijilik ýolumdaky ýakyn maslahatçylarymyň biri boldy. Onuň häzirki wagtda goňşymyzdygyny kärdeşlerimiziň köpüsi bilensoň, käte halypalar Hemra Şirow, Çary Geldimyradow, Baýram Jütdiýew, Öwezmyrat Ýerbendi dagy bilen jaňlaşsak: «Azat Rahman bilen görüşýäňizmi? Işine gidip gelýändir-ä?» diýip, onuň hal-ýagdaýy bilen gyzyklanyp soraýarlar. Ol barada öwgüli sözler aýdýarlar. Kä wagt ýolda-yzda görüşýäs. Şükür ýagdaýy gowy. Käte ýakynymyzdaky zibil oklanýan gutulara tarap eli bedrelije geçende-de durup saglyk-amanlyk soraşýas. Arassaçyl diýseň tertipli ýaşuly. Elindäki zibil atylýan bedresi haçan görseň dükandan ýaňy alnan ýaly. Özem sesini gataldyp gürlänine gabat gelemok — diýsem Baýram aga: «Agzyndan ýerliksiz söz çykmaz. Azat uly gyz ýaly edepli ýigitdir. Zehinli şahyrdyr. Görseňiz salam aýdyň» diýip köplenç oňa salam iberýär.
Azat aga adamkärçilik babatda-da, zehin babatda-da hakykatdanam öwgä mynasyp halypa. Onuň halypalyk mekdebinde bitiren hyzmatlaryny şägirtleri hemişe ýatlaýarlar. Birnäçe ýyl «Nesil» gazetiniň redaksiýasynda işledim. Gazetiň suratçysy Annanur Rejebow köplenç: «Men ägirt halypalaň elinde mekdep geçipdirin-äý. Gazet işiniň inçe syrlaryny halypalardan öwrendim» diýip olaryň atlaryny kän agzaýardy. Azat Rahmanowyň adyny agzanda hasam buýsanç bilen aýdýardy. Şol pursat: «Ýagşy adam bilen bir ýana gitseň, Ýadyndan çykarmaz ýagşylyk etseň» diýen aýdymyň owazy gulagymda ýaňlanýan ýaly bolýardy. Şägirt ýetişdirmekde mynasyp iş bitirýän halypa Azat Rahmanowyň halypalyk mekdebinde gör, näçe ýaşlar zähmet ýolunda öz ornuny tapdy. Başlangyç ädimlerimde şeýle ýumşak häsiýetli, baý tejribeli halypalaryň duşmagy döredijilige bolan yhlasymy artdyrdy. Ilki başda redaksiýanyň resmi işgärem däldim şonda-da gazetiň her sanynda makalamyň ýa-da goşgudyr degişmelerimiň çykýandygy üçin özümi hakyky işgär ýaly duýdum.
Bir gezek bagşy Orazbibi Garajaýewa bilen söhbetdeşlik taýýarladym. Gazetiň iki gezekki sanynda çap bolmady. Onsoň makalamdan habar almak üçin redaksiýa Kowus Omadowyň (Jaýy jennet bolsun, neressäň!) ýanyna bardym. Ol: «Orazbibi Garajaýewa bilen taýýarlan söhbetdeşligiňizi çap etmek bolanok» diýdi. Näme üçin, gowşak ýazylypdyrmy? — Ýok, men ony orunbasara geçirdim, ýöne Orazbibi Ata Ablyýewiň şägirdi. Şoň üçin o makalaňyzy çapa bermezler» diýdi. Tejribämiň pesligi, bada-bat gaharym geldi. Baş redaktoryň gapysyny kakyp iş otagyna bardym. Başlyk, taýýarlan söhbetdeşligime şeýle-şeýle sebäp bilen çap etmäge rugsat berilmeýärmiş. Ata aga merhum halypa ahyry. Dünýeden gaýdaňsoň halk üçin bitiren hyzmatyňam özüň bilen deň gidibermelimikä?» diýdim. Ol: «Meniň-ä bu zatlardan habarym, ýok, beýle gürrüňi kim tapyp ýör? — diýip, geň galyp ýüzüme seretdi. Kowus aga aýtdy — diýdim. Ol şo bada jaň etdi-de, Kowus aga bilen Azat agany iş otagyna çagyrdy.
— Bolgusyz gürrüň ýaýradyp ýörmän, awtorlar bilen dogry gürleşiň-dä, Kowus Omadow!» diýip, makalamyň kimdedigini sorady. Oňa çenli Azat aga gapydan girdi. Bu gürrüňlerden habary ýok, ol: «Gazetiň indiki sanynda çap etmegi meýilleşdirdik» diýip, ýazan söhbetdeşligimi başlygyň stolunda goýup, nämäň-nämedigine düşünmän geňirgenip durdy. Baş redaktor ýagdaýy düşündirdi welin, onsoň başyny ýaýkap gahary geldi. Şonda ýuwaşlyk bilen: «Bulaň derdinden ölä-de gün ýok, dirä-de» diýip çykyp gitdi. Näme üçindir hem-ä gülkim tutdy hemem maňa uly sapak boldy. Azat aganyň ýuwaşlyk bilen gürlese-de, agzyny açyp ýören nalajedeýin däldigine, ýerlikli, hakyky ýolbaşça mahsus agramly, ýeri gelende çekindirip bilýän ýolbaşçydygyna göz ýetirdim. Şondan soň her gezek makala eltemde Azat aga görünmäge çekinýärdim.
Onuň işgärler bilen işleşmekde baý tejribesi bar. Ol 1966-1972-nji ýyllarda «Ýaş kommunist» ýaşlar gazetiniň edebi işgäri, bölüm müdiri,1972-1995-nji ýyllarda «Pioner» («Älemgoşar») çagalar žurnalynyň kätibi, baş redaktory, 1995-2010-nji ýyllarda «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary wezipelerinde işledi. 2010-njy ýyldan häzirki wagta çenli Türkmen döwlet gurjak teatrynyň edebiýat we drama bölüminiň müdiri wezipesinde işleýär.
«Halypalaň ýazan hekaýalaryny köpräk okada, hekaýa ýazmagyň düzgünlerini öwren. Hekaýa ýazyp biljegiňe ynanýan. Sende ýazyjynyň dili bar» diýip, ol maňa hekaýa ýazmaga-da itergi berdi. Bir günem işden gelýärdim. O mahallar Azat agalar bilen goňşam däldik, redaksiýamyzam aýrydy. Ýolda sataşdy. Baş atyp salam berdim welin, hal-ahwal soraşdy-da: «Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň milli merkezi bilen «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy bilelikde «Jahana ýazlar geler, eneleň göwni bile» atly hekaýa bäsleşigini yglan etdi. Habaryň barmy?» diýdi. Ýok. «Onda, şol bäsleşige senem hekaýalaryňy iber. Belki, ýeňiji bolarsyň, synanyşyp gör» diýdi. Öýe gelemsoň öýdäkilere gürrüň berdim welin, gyzym on bäş ýaşlaryndady: «Eje jan bol çalt hekaýa ýazaýda. Ýeňiji bolup pul sylagyny berseler tikin maşyn alnaýyn-la» diýdi. Aý, bolýa-la, şu wagta hekaýa ýazmak üçin kagyzymam ýok — diýenimden: «Kagyz tapylar, eje, häzir gelýän» diýip daş çykdy. Eglenmän golaýymyzdaky zibil oklanýan ýere gurluşyk firmaň arhitektorlarynyň bir ýüzüne çyzgy çyzyp zyňan kagyzlaryny göterip geldi. Uly kagyzy depder ýaly kesişdirdi-de, ynha, şuň arassa tarapyna ýazaý eje. Garalamasyny ýazsaň, arassa edip özüm göçürýän, bol başla» diýip halys günüme goýmady. Onsoň durmuşda bolan waka esasynda pikirimden çykaryp bilmän ýören temam bardy. Derrew hekaýa geçirdim. Gyzym: «Alla jan, baýraga düşsün-dä» diýip hekaýa ýazylan kagyzy kendirigiň üstünden aýlap başagaý. Bolsa-da nesibesinden ol hekaýa bäsleşikde baş baýraga mynasyp bolupdyr. Soň bir gabat gelende: «Azat aga, şo gezek siz aýtmadyk bolsaňyz bäsleşigiň yglan edilendigindenem habarym ýokdy. Gyzym her gezek tikin maşynyny sürende size alkyş baryny aýdýar» diýip gürrüň berdim. Ol: «Gyzyňyzyň yhlasy bilen ýazypsyňyz. Menem ýöne Alla jan ýagşy işe sebäp edendir» diýdi.
Goňşy bolamyzsoň indi käte ýoldaşym bilen öýlerine oturmaga barýas. Ondan Azat aga ýaş şahyr wagtlaryňyz sizde-de kynçylyklar boldumy? — diýip soraýan. — Elbetde. Bir gezek ýazan goşgularymy bölümden gaýtardylar, emma gazetiň baş redaktory Täşli Gurbanow şol goşgularymy tomlumy bilen gazetiň birinji sahypasynda çap etdirdi. Baş redaktor halal, adalatly bolmaly. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbandurdy Gurbansähedow, Täşli Gurbanow gaty ynsaply redaktorlardy — diýip ýagşylykda ýatlaýar.
Azat aganyň özem ynsaply, çaga ýaly açyk göwünli, arassa ýürekli halypa. Pensiýa çykmagyma sähel wagt galanda, gazetiň baş redaktory täzelenip, onuň ýerliksiz azar bermegine çydaman işden çykdym. Şonda halypalar gaty gynandylar. Bu ýagdaýy Azat agada eşidipdir. «Waheý, döredijilik adamy öýde otursa-ha kyn bolar. Bolmasa başgarak redaksiýa işe gir. Alarlar. Döredijilikde türkmeniň süýji edebi gepleşik dilini saklaýşyň üçinem işden çykarmaly däl ekenler. Zyýany ýok, menem «Edebiýat we sungat» gazetinden işden çykamsoň birbada özümi gaty erbet ýagdaýda duýdum. Her gün irden turup penjirämizden gapymyzyň öňündäki çagalar bagyna seredip durýardym. Uly şowhun bolup oýnaýan çagalara seredip durşuma Läle gelnejeňize: «Läle şol çagalar bilen howluda bile oýnasym gelýär» diýýärdim. Ol: «Sen öýde işsiz oturma-da işe gir» diýdi. Bolsa-da, Türkmen döwlet gurjak teatryna işe ýerleşdim. Döredijiligim ýene-de çagalar edebiýaty bilen bagly dowam edip dur. Nesip bolsa, senem işe ýerleşersiň» diýdi. Aýdyşy ýaly boldy. Soň meni derrew «Güneş» žurnalynyň redaksiýasyna işe aldylar. Her neşiriň öz ýüzi, aýratynlygy bar. Birbada şeýlebir alada etdim. Azat aga welin: «Alada etme öň tejribäň bar ahyry» diýip ynam bildirdi. Ruhy taýdan goldanmak güýç berýär. Bu iş bilenem derrew öwrenişdim, girişdim, ýöne halypalaryň maslahatlary, goldawlary uly ýardam etdi. Gyssagly ýagdaýda haýsydyr bir temadan maslahat zerurlygy ýüze çyksa olara derrew jaň edýän.
Bir gezek bal arysynyň suratynyň gapdalyna üç-dört bent goşgy gerek boldy. Şonda Azat aga haýyş bilen jaň etdim. Ol: «Gyssagly ýagdaýda ýetişdirmeli işiniň kändigini aýtdy-da: «Özüňem goşgy ýazýaň ahyry» diýdi. Azat aga men howlukmaç ýagdaýda bal arysy hakynda makala ýazyp biljegimem belli däl — diýdim. «Bolýa onda» diýip ertire çenli taýýarlapdyr. Giçlik işden soň öýüne baryp alyp gaýtdym. Onuň owunjak harplar bilen hünji ýaly hat ýazyşyny gördügim tanaýan. Ol metbugat sahypalarynda yzygider çykyş edýär. Döwrüň sesine ses goşup bilýän şahyr. Çagalar üçin haýsy temadan goşgy gerek bolsa, oňa jaň edip haýyş edýärdiler. Onuň goşgulary metbugat sahypasynda çap bolanda nobatçylyk edýänler begenýärdi. Sebäbi goşgularyny okamak ýeňil hem sagdyn, redaktirlemek aladasy ýok. Gurjak teatrynda işlänsoň ol kä wagt: «Kyn görmeseň redaksiýa goşgularymy iberjek, äkidip berjekmi?» diýip jaň edýärdi. Ýüki ýok, Azat aga, hökman äkiderin — diýýärdim. Her redaksiýa ýollan goşgularyny aýratyn faýla salyp, ykjamja edip getirýär. Uly gyzyň keşde çekende ýüpeklerini saklaýşy göz öňüme gelýär. Özem tüweleme, köplenç işe pyýada gatnaýar. Maşgalasy Läle gelneje bilenem şeýle gowy görüşýärdiler. Goňşy bolup göçüp geläýen wagtlarymyz Läle gelneje (jaýy jennet bolsun!) her gün irden işe gidýärdi. Ýörite ulagda işe gatnaýardy. Azat aga Läle gelnejäniň goşlaryny göterişip, ulagyň gapysyny özi açyp mündürýärdi. Gelneje ulaga münüp ugranda ikisem bir-birlerine elini galgadyp sagbollaşyp işe gidýärdiler. Menem degşip ýoldaşyma: «görýäňmi, Zöhre bilen Tahyram bular ýaly gowy görüşen däldirler» diýýärdim. Degişmämiziň aňyrsynda bolsa hakykat bar. Maşgalada birek-birege sylag-hormat goýup ýaşamagam görelde mekdebi. Durmuşda-da, döredijilikde-de görelde bolup ýören halypalaryň ömri uzak bolsun.
Arada Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň arhiwinden surat gözlemäge gitdim. Şonda bir bukjada ýüze golaý halypa ýazyjy-şahyrlaň, žurnalistleň suraty bar eken. Hemmesiniň atlarynyň baş harpy bellenip familiýasy ýazylypdyr. Onsoň şol suratlary ýazdyryp aldym-da, Azat aganyň iş ýerine gitdim. Kimleň suratydygyny anykladym. Şonda Azat aga ol suratlary synlap oturyşyna başyny ýaýkap: «Wah, wah, bulaň ählisi gidäýen eken» diýip oýlanyp oturdy. Şol pursat ol merhum halypalar bilen bagly juda kän ýatlamalary hakydasynda aýlandygyna düşündim. Uzak ýaşaň Azat aga, şuň ýaly öten geçen halypalar hakynda bilmeýänlerimizi Çary Geldimyradowdan, Hemra Şirowdan, Baýram Jütdiýewden ýa bolmasa siziň kömegiňiz bilen öwrenmeli bolýas — diýip sag bolsun aýtdym. Daş keşbinden baha bereniň ýaly däl, Azat aga türkmençiligi juda gowy bilýär. Belki, obada önüp ösenligindendir. Ol 1946-njy ýylyň 17-nji aprelinde häzirki Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Büzmeýin obasynda doglan. Aşgabat şäherindäki 1-nji orta mekdebinde orta bilim,1965-1970-nji ýyllarda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetinde ýokary bilim aldy.
Öňräk Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Gözel Allakowa bilen gürrüňdeş bolduk. Çagalar edebiýatyndan söz açdyk. Şonda gürrüňimiz Azat aganyň döredijiligine syrykdy. Ol: «Azat Rahmanow halk döredijiliginiň görnüşleriniň içinde birbada öňden dowam edip gelen sanawaçlary matematiki usulda teswirläp, täze formany türkmen çagalar edebiýatyna ussatlyk bilen girizmegiň hötdesinden geldi. Şahyryň şu hili goşgulary diňe bir sanawaç äheňli bolman, terbiýeçilik taýdan hem ähmiýetli. Çaganyň aňyny ösdürmäge ulu täsir edýär. Goşgynyň formasy, ýeňil okalyşy, söz oýnatmalary aýratynam, matematiki sanlar barada bolansoň bada-bat şygryň süňňüne aralaşyp, çagalar ondan öz dünýäsine degişli aýratynlyklary duýup bilýär. Azat Rahmanow her bir sanyň aňladýan manysyndan daşary ulanmak mümkinçiligini tapýar. Dil biliminde sinonim (manydaş), omonim (sesdeş), antonim (garşydaş) bilen bir hatarda sözleriň köpmanylylygyna-da aýratyn ähmiýet berýär. Käbir sözleriň aýdylyşy, ýazylyşy birmeňzeş bolup, olar birnäçe manylarda gelip bilýär. Şu aňlatma şahyryň «Matematikaly sanawaçlarynyň» içinden eriş-argaç bolup geçýär. «Ýüz» sözi özbaşdak many aňladýan söz toparlarynyň dördüsinde ýagny at, san, sypat, işliklerde gabat gelýär. Sözüň köpmanylylygyny ol ussatlyk bilen goşgusyna siňdirmegi başarýar. Bary-ýogy sekiz setirli şygrynda hem-ä halk döredijiliginiň sanawaç görnüşiniň äheňini, hemem matematika usuly, şeýle-de sözüň köpmanylylygyny çeperçilik serişde hökmünde teswirläp bilipdir. Şygryň üsti bilen şahyr çagalara 100-üň diňe san däl-de, adamyň ýüzi (at), ýüzleý (sypat), ýüzmek (işlik) bolup gelýändigini düşündirýär. Onuň döredijiliginde şygryň terbiýeçilik tarapy bilen bir hatarda çaganyň aňyny, ýatkeşligini ösdürmek, olara dil aýratynlyklaryny, bir sözüň köpmanylylygyny öwredip, bilim berijilik ähmiýeti-de has güýçli. Ol liriki gahrymanynyň üsti bilen lirika hem-de drama žanrlaryna mahsus bolan monology (birseslilik) ulanyp, ondaky logiki pikilenmäni okyja has täsirli çuňňur beýan edýär. Ilki goşgudaky kömekçi gahrymanlar liriki gahrymanyň berýän jogabyna 100-i san hökmünde kabul edip, onuň üstünden gülseler-de, şygryň soňky setirlerinde welin hakykatdan-da ýüzi ýüze goşup iki ýüz bolýandygynyň dogrulygyna-da düşünmekleri şygryň täsirini ýüze çykarýar. Bu şygyrdaky «ýüz» sözüň köpmanylylyk häsiýeti gahrymanda bar bolan dogumlylygy, ugurtapyjylygy şeýle-de awtoryň çaga dünýäsine aralaşyp, ýüz adamyň ýüzüne ünsi çekýär. Netijede, diliň esasy obýekti bolan sözüň köpmanylylygy Azat Rahmanowyň şygryýetinde çeperçilik serişde bolup ör-boýuna galýar.
Şeýle hem Azat Rahmanow şygryýetinde dialogyň häsiýetini açmakda galamyny ezber işleden şahyrlaryň biri. Muny awtoryň «Terbiýe«, «Güýz ýapraklary bilen söhbet», «Güýz hem bag», «Ýeljagaz we men», «Alma bagy we men», «Men we şemal», «Guşjagaz bilen söhbet», «Bagdaky söhbet», «Güldandaky güljagaz», «Hoşlaşyk», «Bir howlynyň çagalary», «Görünmezek», «Nazar we men», «Işýakmaz»… ýaly goşgularyndaky iki gahrymanyň arasyndaky diologyň açylyşy bilen düşündirmek bolar.
Durmuşda «Çaganyňky ýaly göwni bar» diýdirýän adamlar bolýar. Kalby çaganyňky kimin päkize ynsan çaga psihologiýasyna çuňňur aralaşyp bilýär. Göräýmäge, sadaja çaga dünýäsine aralaşmak hemmämiz üçin ýeňil ýaly. Ýöne onuň ýüküni çekip göreniňde, bu pikiriň çäklidigine – çaga düşünmegiň ýeňil iş däldigine göz ýetirýäň. Bu babatda Azat Rahmanowyň «Atamyň medaly» atly kitaby bilen atdaş goşgusynda çaga dünýäsine aralaşmakdaky özboluşlylyk ýüze çykýar. Ýagny, çeper aňyň üsti bilen çaga aňyna oňyn täsir etmek. Bu goşgudaky liriki gahrymanyň kakasynyň Beýik Watançylyk urşunda gahrymanlarça wepat bolandygy we onuň öwşün atýan medalynyň perzentlerinde döredýän buýsanç duýgusy barada beýan edilýär.
Çagalar edebiýatyna harplary ýazylyş – şekili boýunça atlandyrmagy-da körpe okyjylar üçin ilkinji täzeçillik hökmünde Azat aga getirdi. Şahyryň «Jigimiň harplary» şygrynyň liriki gahrymanynyň jigisi entäk mekdebe barmadyk çaga. Beýle çagalar üçin bolsa, harpyň ýazylyşy we atlandyrylyşy entäk ýat. Şeýlede bolsa, körpe harplary daşky keşbi boýunça atlandyrmaga höwesek. Ol bu ýagdaýy goşgusynda diýseň täsirli beýan edýär.
Azat Rahmanow goşgularynda, poemalarynda, hekaýalarynda we ertekilerinde täze-täze tilsimleri bilen çagalaryň göwnüni tapyp bilýän halypa hökmünde tanalýar. Onuň döredijiliginde edepsizje, betgylyk çagajyklar üns merkezinde saklanylyp, olar eserleri okap çykanlaryndan ýa-da diňlänlerinden soň, azajygam bolsa gowulyga tarap özgerjekdigine ynam döredýär. Azat Rahmanowyň döredijilik älemi örän giň, onuň döreden eserlerinde çaga dünýäsiniň gözellikleri, çaga terbiýesiniň naýbaşy, asylly sypatlary açylýar. Şol bir wagtyň özünde awtor çaga aňyýetine-de içgin aralaşýar. Uly adam bolup çaga düşünmeklik şahyrdan örän uly ussatlygy talap edýär. Azat Rahmanow şeýle wezipäniň hötdesinden gelmegi başarýan şahyr.
Şahyryň «Ýat ýerlere giden guşjagaz» atly goşgusy diňe bir çagalar üçin däl, eýsem, uly adamlara-da ata Watanyňdan özge jennet mekanyň ýokdugyny ündeýän watansöýüjilik häsiýetli eser.
Çagalary Watana, ene topraga wepalylyk ruhunda terbiýelemek üçin bu şygryň uly ähmiýeti bar. Çünki, ata-babalarymyzdan miras galan «Özge ýurtda Şa bolandan, öz ýurduňda geda bol», «Towşana dogduk depe»… ýaly pähimleriň dowamy bolup ýaňlanýan bu şygryň üsti bilen çagalaryň aňynda ata ýurdunyň dünýäde bar zatdan ezizligini ündeýär.
Mundan başga-da şahyryň «Öýke», «Öz-özüme akyl berýän», «Bul-bul», «Ýagşylyk», «Tutjagaz we men», «Myhmansöýer açar» «Gül», «Ýagyş», «Baharyň bir güni», «Görünmezek», «Öz-özüme haýpym gelýär» ýaly şygyrlarynda durmuşyň dürli ugurlary boýunça mesele gozgalyp, çagalara şol meseleler babatda özbaşdak çykalga gözlemäge-de aýratyn mümkinçilikler berlipdir. Azat Rahmanowyň döredijilik dünýäsi bir ýa-da iki babyň çäginde getirilmekden juda kämil. Onuň şygryýetiniň Garaşsyzlyk eýýamynda çagalar edebiýatyna getiren täzeçilligi dogrusyndaky söhbet aýratyn tema.
Şahyryň döreden eserleriniň aglabasynda çagalar edebiýatynyň žanr özboluşlylygy, obraz döretmegiň täsirleri, düýnki çagalar poeziýasy bilen şu günki çagalar poeziýasynyň arasyndaky tapawut, bu edebiýatyň halk döredijiligi bilen arabaglanyşygy, çagalar poeziýasynyň ädimleri, şu günki ýagdaýy barada-da pikir ýöredýär. Onuň eserleriniň türkmen çagalar we ýetginjekler edebiýatynyň ösüş ugruny kesgitlemekde degişli hyzmaty bar» diýip käbir goşgularyndan mysallar getirip düşündirdi. Şondan soň kitaphana gidip Azat aganyň irki döwürlerdäki döredijiligine degişli maglumatlar bilen gaýtadan gyzyklandym. Ol arifmetiki goşgular, grammatiki goşgular, çagalar üçin zähmet temasynyň dürli ugurlaryna degişli goşgular döredipdir. Onuň «Kim nämäni arzuw edýär?» atly goşgusyna kompozitor Durdy Nuryýew saz ýazyp aýdym döredipdir. Azat aganyň meşhur ýazyjy-şahyrlaryň ýubileý seneleri mynasybetli ýazan giň göwrümli makalalary dürli ugurda zähmet çekýän işgärleriň iş pursatlaryndan taýýarlan söhbetdeşlikleri kän eken. Onuň terjimeçilik sungatynda-da bitiren işleri az däl. Doganlyk halklaryň, daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinden ençemesini terjime edipdir. (Älemgoşar) — «Pioner» žurnalynyň baş redaktory döwründe žurnalyň sahypalarynda dünýä çagalarynyň goşgularyna aýratyn orun berlipdir. Munuň özi halkara hyzmatdaşlygynda çagalar edebiýatynyň nesil terbiýesidäki uly ähmiýetinden habar berýär. Umuman aýdanymyzda nesil terbiýesiniň kämilligine ýokary derejede täsir edýän milli çagalar edebiýatymyzda şahyr Azat Rahmanowyň uly hyzmatynyň bardygyna has-da göz ýetirdim. Azat aga 1987-nji ýylda «Magaryf» neşirýatynda çap bolan «Ýetginjeklik haçan başlanýar?» atly kitabyny: «Örän zehinli, türkmeniň süýji dilini saklap, özüçe hekaýalardyr makalalary, söhbetdeşlikleri döredýän Akgüle ak bäbek ýaly päkize arzuwlar bilen awtordan» diýip ýazgy bilen gol goýup sowgat berdi. Şahyryň şol kitabyna «Çagalar edebiýatyndaky ýetginjek dünýäsini beýan edýän poeziýaň boş meýdanyny doldurmak üçin ýazylan goşgular toplumy» diýesim gelýär. Sebäbi göwnüme bolmasa bu ugurdan ýazylmaly eserleriň ýeri entek boş duran ýaly. Kitaby gaýtadan okadym. «Durandyr ýanyp pelteli çyra», «Guran agaç», «Bir söwdadan soňky oýlanma» ýaly her bir goşgyny okanyňda terbiýeçilik ähmiýetli düýpli oýlandyrýan pikirler bar. Azat agany ýakyndan tanaýanlygym üçin ol goşgulary okanymda dözümsiz, päkize ýürekli, köptaraplaýyn giň düşünjeli awtoryň ýürek owazyny diňleýän ýaly düýýan.
Janyňyz sag, ömrüňiz uzak, döredijilik üstünlikleri hemişe hemraňyz bolsun, Azat aga!
Akgül Saparowa.