SPORT

Lamin Ýamal şertnamasyny uzaltdy

Ispaniýanyň “Barselona” futbol kluby ýaş hüjümçisi Lamin Ýamal bilen şertnamasyny uzaltdy. Bu barada katalon toparynyň metbugat gullugy habar berýär.

Täze şertnama 2031-nji ýylyň iýunyna çenli niýetlenendir.

Ýamala häzirki wagtda 17 ýaşyndadyr we ol “Barselona” toparynyň ýaşlar toparyndan ýetişip çykdy. Ol 2024/25-nji möwsüminde topar bilen bilelikde Ispaniýanyň çempiony, Kubogynyň hem-de Superkubogynyň eýesi boldy. Geçen möwsümde futbolçy “Barselonanyň” düzüminde 55 oýna gatnaşyp, 18 gol geçirdi we 25 goluň geçmegine ýardam etdi.

Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen bilelikde hüjümçi 2024-nji ýylda Ýewropa çempiony boldy we ýaryşyň iň gowy ýaş oýunçysy hökmünde yglan edildi. Milli ýygyndynyň düzüminde ol 19 duşuşyk geçirdi, 4 gol geçirdi we 9 gol pasyny berdi. 2024-nji ýylyň oktýabrynda oňa “France Football” žurnaly tarapyndan dünýäniň iň gowy ýaş futbolçysy diýen at berildi, noýabrda bolsa ol “Golden Boy” baýragynyň eýesi boldy. Bu baýrak her ýylda 21 ýaşdan uly bolmadyk iň gowy Ýewropa futbolçysyna berilýär, onuň esaslandyryjysy bolsa “Tuttosport” neşiridir.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyna çykan 19 ýygyndy belli boldy

Futbol boýunça dünýä çempionaty tomaşaçy sany boýunça rekord goýdy

Dünýä çempionatynda urlan gollar boýunça täze rekord goýuldy