JEMGYÝET

Awtoulag sürüjilerinden «075» hyzmatyna uly gyzyklanma

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň sorag-jogap gullugy, awtoulag sürüjileri üçin hödürlän täze hyzmaty uly gyzyklanma döredýär. Ýagny, «075» belgisine jaň etmek arkaly, awtoulaglara bellenilen jerimeler we olar üçin geçirilen tölegler boýunça giňişleýin maglumat alyp bolmagy köp babatda ýeňillikler döredýär.

Şeýle hem, bu belgä jaň etmek arkaly halkara ýollamalar, olaryň nyrhnamalary we ýollamalara bellenilen ýere gelýänçä gözegçilik etmek boýunça, şeýle-de Türkmenistanyň gazet-žurnallaryna degişli beýleki zerur maglumatlary alyp bolýar.

Ozal «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň jemagat we aragatnaşyk hyzmatlary üçin tölegleri geçirmegiň täze görnüşlerini hödürleýändigini habar berlipdi.

Poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň hödürleýän ähli hyzmatlary bilen «Türkmenpoçta» saýtyna girmek ýa-da «075» sorag-jogap gullugyna jaň etmek arkaly doly tanşyp bilersiňiz.

Şeýle hem, bu belgä jaň etmek arkaly halkara ýollamalar, olaryň nyrhnamalary we gazetlere we žurnallara abuna ýazylyşygyna degişli zerur maglumatlary alyp bolýar.

 

Oraza baýramy mynasybetli dynç alyş

 

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynyň finaly: Argentina-Ispaniýa

Türkmenistan bilen Gruziýa teatr we muzeý hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan-Gruziýa: 20-den gowrak resminama gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Gara deňziň gruzin kenarynda Türkmenistanyň ýük terminaly dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri