JEMGYÝET

Awaza: ýollanma hatlary berlip başlandy

Hormatly Prezidentimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça iş maslahaty geçirdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Saglygy goraýyş we derman sengaty ministri, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdna daşary toparyň başlygy,  «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysy N.Amannepesow edilýän işler barada hasabat berdi.

  • Tomsuna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga isleg bildirýänleriň syýahatçylyk ýa-da beýleki degişli ýerli düzümlerine ýollanma hatyny alýandygy bellenildi.
  • Şu wagta çenli 2257 sany ýollanma haty resmileşdirildi.
  • Şol ýollanma hatyny alan raýatlara Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan degişli rugsatnamalar berildi.
  • Olara welaýatlardaky we paýtagtymyzdaky Saglyk öýlerinde Kowid-19-a garşy sanjym edildi.
  • «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň “Hazyna” we “Seýrana” myhmanhanalarynda gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek üçin zerur derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilen Tiz kömek bölümi döredildi.
  • Zolakda ýerleşýän ähli myhmanhanalarda dermanhanalar döredildi we zerur derman serişdeleri bilen üpjün edildi.
  • Şeýle hem bu ýerde ýerleşýän ilata hyzmat edilýän desgalara işe kabul ediljek işgärler lukmançylyk gözegçiliginden geçirildi we olara sanjym edildi.
  • Syýahatçylyk zolagynyň çäginde degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat gözegçilik-geçiş nokadynyň işi degişli tertipde ýola goýuldy.
  • Dynç almaga gelýän raýatlar üçin myhmanhanalaryň awtoulaglarynyň hyzmatlary göz öňünde tutuldy.
  • «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky awtoduralgada Kowid-19 ýokanjyny tiz anyklamaklyk ýola goýuldy.
  • “Awaza” etrap saglyk merkezinde hem-de Türkmenbaşy şäher arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna göreşmek gullugynyň barlaghanasynda Polimeraz zynjyrly reaksiýasynyň enjamy gurnaldy.
  • Türkmenbaşy şäherinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şeýle enjamlaryň 3-si doly güýjünde ulanylýar.
  • Şeýle hem syýahatçylyk zolagynda zyýansyzlandyryş işleri dowam etdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 1-nji iýuny-1-nji sentýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak göz öňünde tutulýar.

 

THY ýörite uçar gatnawyny amala aşyrýar

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi