Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» Kongresler merkeziniň foýesinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowy, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmony garşy alýar.
Soňra Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bilelikdäki surata düşmek dabarasy bolar. Resmi surata düşmek dabarasyndan soňra Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygy başlaýar.
Duşuşygyň ahyrynda Jemleýji resminamanyň kabul edilmegine garaşylýar.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormatly nyşany bilen sylaglamak dabarasynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň metbugat wekillerine ýüzlenmesi meýilleşdirilýär.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyndan soňra ikiçäk duşuşyklar göz öňünde tutulýar.
Ikiçäk duşuşyklar tamamlanandan soňra Döwlet Baştutanlary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
Günüň ahyrynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagyndaky Interaktiw suw çüwdürimler toplumynda döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti bolar.
Habarlary gyzgyny bilen okamak üçin şu ýere basyň we Applikasiýamyzy mugt ýükläp alyň! @atavatanhabar Instagram hasabymyzy hem yzarlamagy unutmaň!